Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Hekimleriň we hojalykçy zenanlaryň oraza maslahatlary


Gyrgyzystandaky bazar
Gyrgyzystandaky bazar

Häzirki gün Täjigistanyň ilatynyň aglaba köpçüligi "Ramazon" (ol ýurtda oraza şeýle at berilýär) orazasyny tutýar.

Dindar musulmanlary adaty endiklerden gaça durup, oraza tutmagyň, olarda imany hasam güýçlendirmäge mümkinçilik berýändigine ynanýarlar. Täjikleriň köpüsi bolsa, açlygyň diňe bir ruh üçin däl, eýsem çydamlylyga hem peýda edýändigine ynanýarlar.

Hemmetaraplaýyn oraza tutmak

"Agyz bekläp, oraza tutýarys. Bu beýik hem mukaddes aýdyr. Orazany hemmetaraplaýyn tutmak zerurdyr. Bu diňe bir iýmitden gaça durmak däl, galyberse şol bir wagtyň özünde gybatdan we ... dürli ýaman zatlara seretmekden gaça durmakdyr" diýip, duşenbeli bir ýaş ýaşaýjy aýdýar.

"Juda peýdalydyr. Organizmi arassalaýarys. Oraza tutmak hemmelere peýdalydyr" diýip, başga bir ýaş oglan onuň bilen razylaşýar.

"Oraza tutýan mahalym özümi juda gowy duýýaryn. Oraza tutmak sogaply" diýip, ýene bir şäheriň ýaşaýjysy aýdýar.

Oraza her gün 16 sagatlap, ýagny daň atandan tä ýaşýança dowam edýär. Häzir şäherde 37 dereje yssa garamazdan, Duşenbäniň ýaşaýjylary oraza tutmakdan nalamaýarlar. Geçen ýyl oraza aýy juda yssy bolupdy. Ýöne jöwzaly tomuslara öwrenşen täjikler edil häzirki howanyň owalkylardan has ýakymlydygyny nygtaýarlar.

Täjigistandaky oraza
Täjigistandaky oraza

Ýürek-damar keseli bolanlara maslahatlar

Täjigistanyň hekimleri ürç edip oraza tutýanlara käbir maslahatlary berýärler. Hekimler ýürek-damar keselinden ejir çekýänleriň orazada agyz beklemänkä we agyz açarda suwuk iýmitleri has köp ulanmagyny maslahat berýärler. Şeýle-de, olar günüň astynda az bolmaly we hekimleriň ýazyp beren dermanlaryny hem içmelidir diýýärler.

"Ýürek-damar ulgamynyň näsazlyklaryndan ejir çekýän adamlara oraza tutmak çürt-kesik gadagan edilmändir. Ýöne tomusda howanyň juda yssy bolmagy ganyň goýalmagyna sebäp bolup biler. Beýleki tarapdan, oraza tutmak adamyň horlanmagyna we gandaky holesteriniň mukdarynyň hem azalmagyna sebäp bolýar. Bu bolsa gönümel adamyň semizligi bilen arabaglanyşykly ýürek keselinden ejir çekýänler üçin diýseň peýdalydyr" diýip, hekim-kardiolog Azam Tabarow aýdýar.

Kurbonoý Ahrorowa bäş ogluny maşgalasy bilen bilelikde agyzaçara çagyrypdyr. Onuň aýtmagyna görä, orazada dogry iýmitlenmek örän wajypdyr. Ol orazada ýagda gowrulýan naharlaryň we aşa ýagly azyk önümleriniň tutuşlaýyn saçakdan aýrymalydygyny belleýär. Onuň aýtmagyna görä, olaryň deregine dürli ir-iýmişler, kaklar bilen gök-önümler iýmek, şeýle-de çaý we öýde taýýarlanan kompot içmek gerekdir. Kurbonoý azyk önümleriniň her gün ýeterlik mukdarda alynmagyny maslahat bermek bilen, her gün saçakdaky iýmitleriň täzelenip durjakdygyny belleýär.

Miwe, süýji iýmek

"Biz miwe iýýäris. Miwe organizmi arassalaýar we berkidýär. Süýji hem iýýäris. Süýjüler tagamy bilen beýniniň işlemegine oňaýly täsirini ýetirýär we oňa güýç hem energiýa berýär. Hökmany suratda gury erik iýilmelidir we bu ýürege diýseň peýdaly. Ýaňy demlenen gök çaý hem adamyň bedenini arassalaýar we ynjaldýar" diýip, Kurbonoý gürrüň berýär.

Täjigistanda oraza aýynda bazarlarda ähli önümler gymmatlaýar. Paýtagt şäheriň häkimligi bahalaryň ýokarlanmagynyň öňüni almaga synanyşýar: ähli bazarlaryň ýolbaşçylaryna iň esasy önümleriň owaldan artdyryp goýmagy barasynda ýörite görkezme berýär. Olara: un, ýag, ýarma, şeker ýaly 12 görnüşdäki azyk önümi degişlidir. Oraza aýy boýunça Duşenbäniň esasy bazarynda satuwçylardan salgyt almak goýbolsun edilýär. Ýöne durmuşa geçirilýän ähli çärelere garamazdan, esasy hasaplanmaýan önümleriň bahasy ortaça ýüzden 10-20 göterim ýokarlanýar.

Oraza aýy 24-nji iýunda Oraza baýramy ýa-da arapça aýdylanda "Eýd-al-Fitra" bilen gutarýar. Täjigistanda bu baýrama "Idi Ramazon" diýilýär. Şol gün ähli musulmanlar baýram namazyny kylýarlar, bezenip-beslenip, saçaklaryny hem dürli näz-nygmatlar bilen bezeýärler. Birek-birege myhmançylyga baryp, baýramy gutlaýarlar.

XS
SM
MD
LG