Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Eýranda Ysraýyla garşy ýörişler geçirildi


Eýranyň "Zolfaghar" raketasy (s), Tähran, 23-nji iýun, 2017
Eýranyň "Zolfaghar" raketasy (s), Tähran, 23-nji iýun, 2017

Eýranda her ýyl bellenýän Al-Kuds güni tutuş ýurt boýunça Ysraýyla garşy gurnalan ýörişlere onlarça müň adam gatnaşdy.

Käbir protestçiler Ysraýylyň we ABŞ-nyň baýdaklaryny oda berdiler, beýlekiler “Amerika ölüm” we “Ysraýyla ölüm” diýen şygarlary öňe sürdüler, diýip döwlet mediasy 23-nji iýunda habar berdi.

Bu sene Yslam Respublikasynyň düýbüni tutujy Aýatolla Ruholla Homeini tarapyndan esaslandyrylypdy. Homeini palestinlere goldaw bildiripdi we Ysraýyla garşy çykyp ony ykrar etmekden ýüz öwrüpdi.

Eýranyň liderleriniň, şol sanda prezident Hassan Rohaniniň ýöreşe jemlenen adamlaryň öňünde çykyş etjegi aýdyldy.

Şeýle-de Tähranyň häkimiýetleri üç sany ballistik raketasyny, şol sanda “Zolfaghar” raketasyny görkezdiler. Eýran Zolfaghar raketasynyň şu hepdede Siriýada “Yslam döwleti” toparynyň nyşanlaryna garşy ulanylandygyny aýdýar.

XS
SM
MD
LG