Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Işgärlere mejbury sport aýakgaplary aldyrylýar


Işgärleirň aýlyklaryndan sport aýakgaplary üçin 300 manadyň tutulyp galynýandygyna üns çekilýär.
Işgärleirň aýlyklaryndan sport aýakgaplary üçin 300 manadyň tutulyp galynýandygyna üns çekilýär.

Aşgabadyň şäher häkimliginiň, şol sanda kommunal hojalyk edaralarynyň işgärleri “Aziada-2017” simwolly sport aýakgaplaryny almaga mejbur edilýärler diýip, “Türkmenistanyň Hronikasy” neşiri maglumat berýär.

Neşiriň maglumatyna görä, bu mejbury tabşyryk bilen baglylykda, şäher häkimi ýörite görkezme beripdir.

Sport aýakgaplaryny almaga mejbur edilýän işgärleriň, olary soňy bilen geýip-geýmejekdigine garamazdan, aýlyklaryndan 300 manadyň tutulyp galynýandygyna hem üns çekilýär.

Şol bir wagtda, bu maglumaty Aşgabadyň häkimligine ne tassyklatmak, ne-de inkär etdirmek, umuman, munuň bilen baglylykda nähilidir bir maglumat almak başartmady.

Eger ýatlatsak, şu ýylyň sentýabrynda geçmeli Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň çykdajylary bilen baglylykda, mundan ozalam ýerli telekeçileriň we býujet işgärleriniň gerdenine “meýletin goşantlar” atylypdy.

Geçen ýyldan başlap, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşiginde Aziýa oýunlary bilen baglylykda “meýletin ýardam” barada ýörite maslahatdyr ýygnaklar geçirilip başlanypdy.

Bu mejburylygyň netijesinde, soňky döwürde, dürli ýagdaýlar sebäpli, işgärlerine aýlyk tölemäge gurby ýetmeýän we işini togtatdan firmalaryň köpelýändigi barada habarlar çykýar.

Şeýle-de, şu ýylyň martynda döwlet we hususy kärhanalaryň işgärleriniň Aziýa oýunlaryna “meýletin gatanç” etmekleri barada, prezidentiň ýörite kararynyň çykandygy hakda maglumat peýda bolupdy.

Munuň yzy bilen, ýurduň dürli pudak edaralarynyň işgärlerinden öz aýlyklaryndan 15-20% möçberinde “gatanç” hökmünde tutulyp başlanandygy barada, şikaýat mazmunly arzlar gowşup başlady.

Galyberse-de, Türkmenistanyň Aziýa oýunlaryna görýän taýýarlyklarynyň we bu işlere ýerli ilatyň “gatanç” etmelidigi bardaky çagyryşlarynyň fonunda, ýurduň häzir, dünýädäki energiýa serişdeleriniň bahalarynyň gaçmagy netijesinde, agyr ykdysady kynçylyklary başdan geçirýändigi aýdylýar.

Türkmen häkimiýetleri oýunlara we oňa görülýän taýýarlyklara döwlet býujetinden çykarylýan maliýe serişdeleri barada maglumat bermeseler-de, Olimpiýa şäherjigi we oýunlara gabatlap açylan täze aeroport üçin 7 milliard töweregi dollaryň harçlanandygy belli.

Sözümiziň ahyrynda bellesek, türkmen mediasynda Aziýa oýunlarynyň “ýurduň abraýyny has-da artdyrjakdygy” barada dowamly alkyşly reportažlar berilse-de, ýokarda beýan edilen ýagdaýlar, ýagny ilatyň “meýletin gatanç” etmäge mejbur edilýändigi barada hiç zat aýdylmaýar.

XS
SM
MD
LG