Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

"Bizde näme üçin okuw ýok?"


Türkmen studentleri
Türkmen studentleri

Hormatly Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow,

Bizde name ucin okuw yok? Name sebapden bizin yurdumyzda talyplara peydaly zatlar owredilmeyar? Name ucin yurdun gelejegi bolan yaslary biz dunyanin in osen yurtlaryndaky yaly ylym we tehnika bilen tanysdyrmayarys?

Name ucin bizin yokary okuw jaylarymyzda alymlar, hunarmenler azlyk etyar? Name ucin yokary okuw jaylaryna girmek ucin umumy we adalatly bir synag yok? Name ucin yokary okuw jaylarymyzda bolar bolmaz kitaplar okadylyar? Name ucin entagem kone ruslardan galan kitaplary bolar bolmaz terjime edip yarym-yamalak edip kitap edip ulanyp yorus?

Name sebapden okan adamlary yurda getirmek ucin herekede gecilenok? Hunarmenleri tayyarlamak beylede dursun, bar bolan hunarmenlere hem propisga diyip, care diyip, para diyip bowet bolyarsynyz?

Bu soraglary hali sindi piker etyan welin hic jogap tapyp bilemokda. Hokumedin isi seyle zatlar barada pikir etmek dalmi name eysem?!

Hormatly Prezidentin habary yokdyr diyjek welin olam eyyam ence yyl bari halkyn icinde kop zady gorupp yor, bilip yor. Bilgesleyin edilyarmika ya bularyn bary? Ya nadip etjegini bilman etyarmikalar? In barkisi oz doktorlarymyzy hem tayyarlap bilmeyaris.

Erte-birgun gunun dusup keselhana barsan seretjek adamlaram yene sol carelere gatnap, para berip giren okuwcylar dalmi name? Name ucin okuw yaly in mohum we gerekli zady hem bejerip bilmeyaris?

Guycli dowlet gurjak bolsan okan adamlar gerek dalmi name eysem? Bir talyp ak koynekli, sacy kesigli synypda oturany bilenem eger gowy okuw yok bolsa bary biyderek. Biz name ucin entagem tahys, sac, ak koynek, gyzyl koynek, gara balak …..yaly bolar bolmaz zatlar bilen mesgul bolup yorus? Beyle egin esik geymek kella peyda bermeyar ahyryn.

Redaksiýadan: Okyjynyň haty bolşy ýaly çap edilýär. Onda aýdylanlar Azatlyk Radiosynyň resmi pozisiýasyny şöhlelendirmeýär.

XS
SM
MD
LG