Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ-nyň ýokary derejeli harby resmisi yglan etmezden Kabula bardy


ABŞ-nyň Birleşen harby ýolbaşçylygynyň müdiri general Josef Dunford
ABŞ-nyň Birleşen harby ýolbaşçylygynyň müdiri general Josef Dunford

ABŞ-nyň Birleşen harby ýolbaşçylygynyň müdiri, ýokary derejeli harby resmisi öňünden yglan edilmedik sapar bilen Kabula bardy.

General Josef Dunfordyň bu sapary Waşingtonyň Owganystana goşmaça goşun ibermek planynyň ygan edilmeginiň yzýanyna gabat geldi.

ABŞ-nyň ýokary derejeli harby resmisi Dunfordyň Kabulda birnäçe günüň dowamynda Owganystanyň resmileri we ABŞ-nyň hem halkara koalisiýasynyň liderleri, harbylary bilen duşuşyk geçirmegine garaşylýar.

Halkara koalisiýasynyň Owganystandaky söweş missiýasy 2014-nji ýylyň dekabr aýynda tamamlanypdy we daşary ýurtly güýçleriň çykarylmagy ýurtda howpsuzlyk ýagdaýynyň ýaramazlaşmagyna getiripdi.

Emma ABŞ-nyň media maglumatlaryna görä, ABŞ-nyň goranmak sekretary Jim Mattis hökümet güýçleriniň we “Talybanyň” arasyndaky “çykgynsyzlykdan” çykmak üçin Owganystana ýene 3000-5000 aralygynda harbylary ibermegi teklip etdi.

Häzirki wagtda Owganystanda ABŞ-nyň 8400 çemesi harbysy ýerleşýär.

XS
SM
MD
LG