Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

'MTS-Türkmenistan' müşderilerden tölegleri kabul etmegi bes etdi


Aşgabatda we ýurduň beýleki welaýatlarynda “MTS-Türkmenistan” mobil aragatnaşyk operatory öz hyzmatlary üçin müşderilerden tölegleri kabul etmegi bes etdi.
Aşgabatda we ýurduň beýleki welaýatlarynda “MTS-Türkmenistan” mobil aragatnaşyk operatory öz hyzmatlary üçin müşderilerden tölegleri kabul etmegi bes etdi.

Aşgabatda we ýurduň beýleki welaýatlarynda “MTS-Türkmenistan” mobil aragatnaşyk operatory öz hyzmatlary üçin müşderilerden tölegleri kabul etmegi bes etdi. Bu waka Russiýanyň “MTS” kompaniýasynyň Türkmenistanda alyp barýan işini ýene bir gezek togtatmak bilen ýüzbe-ýüz bolýan mahalyna gabat geldi.

Azatlyk Radiosynyň paýtagtdaky çeşmeleri “MTS-Türkmenistanyň” umuman telefon aragatnaşygynyň işleýändigini, ýöne onuň mobil hyzmat nokatlaryndaky funksiýalaryndan indi dört gün bäri tölegleri geçirip bolmaýandygyny aýdýarlar.

“Tölegleri nagt kabul edýän kassalarda-da, beýleki oturdylan ýörite awtomatlarda-da MTS üçin soňky dört günüň dowamynda töleg kabul edilenok. MTS-iň merkezi ofisinde hem tölegleri kabul edýän kassalaryň ýazgysy dur. Ýöne işgärleri ýok. Sebäbi bilen gyzyklananyňda, ‘häzirlikçe töleg kabul etmäň diýen görkezme bar. Şonuň üçinem tölegi kabul edýän işgärler ýöne boş oturmaň, hususy işiňiz bolsa, işden gidiberiň’ diýlip görkezme berlipdir” diýip, aşgabatly synçy we ýazyjy Amanmyrat Bugaýew aýtdy.

Bu barada “MTS-Türkmenistanyň” paýtagtyň Awtokombinat raýonyndaky we “Sumbar” bazaryndaky merkezi ofisleriniň işgärleri hem ýolbaşçylar tarapyndan özlerine-de açyk bir zat aýdylmaýandygyny, ‘häzirlikçe gümürtik ýagdaýyň dowam edýändigini’ mälim etdiler.

“MTS-Türkmenistan” öz hyzmatlary üçin müşderilerden tölegleri kabul etmegi bes eden bolsa-da, bu mobil aragatnaşyk operatory ýa-da türkmen häkimiýetleri MTS-iň ýurtda alyp barýan işini resmi taýdan bes edýändigini ýa etmeýändigini henize çenli halk köpçüligine yglan etmedi.

Belläp geçsek, bu täzelik “MTS-Türkmenistanyň” ýurtda iş alyp barmak boýunça 1-nji iýulda tamamlanýan şertnamasynyň möhletini uzaltmak meselesi şowsuz bolansoň, mobil aragatnaşyk kärhanasynyň işgärlerine başga iş gözlemegiň maslahat berlendigi barada ýaýran maglumatyň yz ýanyna gabat geldi.

“MTS-Türkmenistan” hojalyk jemgyýeti bilen Türkmenistanyň döwlet kärhanasy bolan “TürkmenTelekomyň" arasyndaky 5 ýyllyk iş şertnamasyna 2012-nji ýylda gol çekildi we şonda belli bir şertleriň ýerine ýetirilmegi bilen bu ylalaşygyň ýene 5 ýyla çenli uzaldylyp bilinjekdigi aýdyldy.

Emma Azatlygyň çeşmeleri, şol sanda “MTS-Türkmenistan” mobil aragatnaşyk operatorynyň käbir resmileri, hökümetiň ýokary gatlaklaryna ýakyn durýan adamlaryň döredýän täze mobil telefon aragatnaşyk ulgamyna has artykmaç şert döretmek üçin, rus kompaniýasynyň lisenziýasynyň uzaldylmajagyny iýunyň ortalarynda habar berdiler.

Türkmenistanyň telekommunikasiýa kompaniýasynyň adynyň efirde agzalmazlygyny soran bir resmisi ýurtda täze ýerli mobil operatoryň deslapky synaglarynyň geçirilýändigini aýtdy.

“Täze mobil operatoryň şu aýyň ahyrynda işläp başlamagy, ýagny doglan gününde [Türkmenistanyň prezidentiniň 29-njy iýunda belleniljek doglan güni- Redaksiýanyň belligi] işe girizmek planlaşdyrylýar. Bu operatoryň wirtual görnüşdäki synaglary geçirilip, ondan telefon jaňlary amala aşyryldy” diýip, Azatlygyň çeşmesi belledi.

Munuň yz ýany, geçen anna güni geçirilen hökümet maslahatynda, Türkmenistanda ýakyn wagtda täze öýjükli aragatnaşyk ulgamyny işe girizmegiň planlaşdyrylýandygy yglan edildi. Şonda “Aý Nazar” atly täze öýjükli aragatnaşyk ulgamynyň “Aşgabat şäher telefon ulgamy” ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň düzüminde döredilýändigi habar berildi.

Türkmen mediasynda bu mobil aragatnaşyk operatorynyň haçan işe giriziljekdigi barada anyk maglumat berilmese-de, häzir ýurtda aragatnaşygyň “şu görnüşiniň telefon nokatlaryny gurnamak boýunça degişli çäreleriň görülýändigi, hünärmenler üçin ýörite okuwlaryň geçirilýändigi” aýdyldy.

Azatlyk radiosynyň ynamdar çeşmesiniň maglumatyna görä, Türkmenistanda täze döredilýän mobil aragatnaşyk ulgamynyň “Aý Nazar” ady Aýnabat we Nazar diýen adamlaryň atlaryndan alnyp, olar mobil bazaryna ýurduň prezidentiniň ýakyn töwerekleriniň goldawy esasynda, erkin we kanuny bäsleşik düzgünlerini bozmak bilen, ýokardan ornaşdyrylýar.

Sözümiziň ahyrynda ýatlatsak, MTS kärhanasynyň Türkmenistandaky lisenziýa möhleti 2010-njy ýylyň dekabr aýynda hem uzaldylmandy. MTS 2011-nji ýylyň başynda Türkmenistandan çekilende, 600 million dollar zyýan çekýändigini, şeýle-de türkmen hökümetini suda berendigini yglan etdi. Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi şonda MTS-iň ‘çekdim” diýýän zyýanynyň öweziniň dolunmajakdygyny aýtdy.

XS
SM
MD
LG