Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmen manadynyň durnuklylygy berkeýärmi ýa gowşaýar?


Türkmenistanyň milli pul birlikleri
Türkmenistanyň milli pul birlikleri

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow 22-nji iýunda bank ulgamy boýunça wideoşekilli iş maslahatyny geçirende, soňky ýyllarda Türkmenistanda manadyň satyn alyş ukybynyň durnuklylygynyň üpjün edilendigini öňe sürdi.

“Trend” habar gullugy türkmen prezidentiniň sözlerine salgylanyp, türkmen manadyna bolan ynamyň ýokarlanandygyny habar berýär.

Berdimuhamedowyň tassyklamagyna görä, “Pul ulgamyndaky özgertmeleriň çäklerinde amala aşyrylan çäreler milli pula ynamy artdyrdy”. TDH prezidentiň bu sözlerini “Halkara pul gaznasynyň hünärmenleriniň beren bahasy” bilen delillendirendigini belleýär.

Halkara pul gaznasynyň çaklamasy we reallyklar

Ýatladýarys, HWF Türkmenistanda geçen ýyl 6,2 prosent ösüş bolan bolsa, 2017-njy ýylda 6,5 prosente çenli ösüşe garaşylýandygyny öňe sürüpdi. Şeýle-de, Halkara walýuta fondunyň çaklamalaryna görä, Türkmenistanda inflýasiýa 6 prosent derejesinde saklanar.

Emma ýurt içinden gelýän habarlar türkmen manadynyň satyn alyjylyk ukybynyň birnäçe ýyl bäri yzygiderli pese gaçýandygyny görkezýär.

Şu gün Aşgabadyň “Mir” bazarynda bolan ynamdar çeşmäniň tassyklamagyna görä, bu bazarda 500-e golaý söwda nokady bolsa-da, günüň dowamynda olara 250 alyjy hem barmaýar.

“Söwda ýatdy, adamlara aýlyk berlenok, ilatda pul ýok, başga zatlary aýtmaýyn, dollaryň “gara bazar” kursyna görä çigit satýanam öz harydynyň bahasyny galdyrýar” diýip, adynyň aýdylmazlygyny soran çeşme aýtdy. Şeýle-de ol manadyň hümmetiniň soňky bir ýylda azyndan 80 prosent peselendigini öňe sürdi.

Aýdylmagyna görä, soňky döwürde adamlar bazarlara barman, özlerine gerek önümleri elden, şäher daşynda, köçede ýa hususy jaýlaryň işiklerinde satyn almaga barha köp ýykgyn edýärler, sebäbi olar biraz arzan bolýar diýip, aşgabatlylar gürrüň berýär.

Bu ýagdaý Berdimuhamedowyň “makroykdysady deňagramlylyk”, “manadyň hümmeti” we “bahalaryň emele getirilmeginiň durnuklylygy” barada aýdýan sözlerine ters gelýär.

Ekspertiň bahasy

Ikinji tarapdan, garaşsyz synçylar, şol sanda “The Economist intelligence unit” neşiriniň Türkmenistan boýunça eksperti Maks Lambertson Türkmenistanyň halkara guramalaryna berýän ykdysady maglumatlarynyň köpüsine bil baglap bolmaýandygyny aýdyp, hakykatda bu ýurtda bar diýilýän ösüş derejesiniň has pes bolmagynyň mümkindigini çaklaýar.

Şeýle-de ol Azatlyk radiosynyň “türkmen häkimiýetleri emele gelen ýagdaýa düşünýärlermi?” diýip beren soragyna “hawa hem ýok” diýip jogap berdi, ýagny olaryňhäzire çenli alyp barýan syýasatlarynyň aglabasynyň logika ters gelýändigini, hatda ilatyň üstündäki basyşy ýeňletmek üçin edip bolaýjak zatlary hem etmändiklerini aýtdy.

“Meniň pikirimçe, häkimiýetler özleriniň isleýän ösüş planlaryny amala aşyrmak üçin zerur bolan daşary ýurt pullarynyň, güýçli walýutalarynyň ýokdugyny bilýärler” diýip, Lambertson daşary ýurt banklarynda saklanylýan türkmen dollarlarynyň hem soňky ýyllar azalýandygyna ünsi çekdi.

Ekspertiň sözlerine görä, Türkmenistanyň esasan german banklarynda saklanylýan 26 milliard çemesi dollarynyň möçberi soňky birnäçe ýylda birneme kemelýär.

“2014-nji ýylda bu serişde 27 milliard dollardy, soňky iki ýylda ol 2 milliard dollar kemeldi” diýip, Maks Lambertson daşary ýurtdaky türkmen pullarynyňýa ykdysadyýeti tijemek, ýa-da Aziýa oýunlarynyň gurluşyklar üçin ulanylan bolmagynyň mümkindigini belleýär.

Şeýle-de, ekspert türkmen hökümetiniň, sentýabrdaky Aziýa oýunlary geçip, halkara ünsi sowlandan soň, manadyň hümmetini peseltmäge synanyşmagynyň hem-de daşary ýurtda saklanylýan walýutanyň bir bölegini ykdysadyýeti dikeltmäge gönükdirmeginiň mümkindigini çaklaýar. Türkmen manadynyň hümmeti öň 2015-nji ýylyň başynda kemeldilipdi.

Ýöne Lambertson Aşgabadyň şu wagta çenli gören çärelerini:daşary ýurt walýutasyndaky serişdeleri ýurt içinde saklajak bolşuny, Eýrandan haryt däl-de, walýuta aljak bolup, gaz alyjysyny ýitirişini, ilaty bank kartlary tölegine geçirip, nagt manadyň dolanyşygyny çäklendirişini, iýunda girizen gümrük çäklendirmelerini synlap, emele gelen ýagdaýda indi näme etjegini anyk bilip bolmaýandygyny hem boýun alýar.

Ekspertler Türkmenistanyň, şol sanda türkmen manadynyň energiýa bahalarynyň global arzanlamagy, şeýle-de ykdysadyýetiň ýeterlik diwersifikasiýa edilmän, esasan bir pudaga - gaz eksportyna bagly galmagy netijesinde agyr kynçylyklary başdan geçirýändigini aýdýarlar.

Emma muňa garamazdan, prezident Berdimuhamedowyň bank ulgamynyň wekilleri bilen geçiren maslahatynda bu detallara aralaşylmaýar.

XS
SM
MD
LG