Sepleriň elýeterliligi

Türkmenistanda erkekler, aýallar we çagalar ‘mejbury zähmete sezewar edilýärler’


Illýustrasiýa suraty

Türkmenistanyň hökümeti adam gaçakçylygynyň öňüni almak boýunça kabul edilen iň minimal standartlary-da doly berjaý etmezlik bilen birlikde, bu ugurda nähilidir bir göze ilerlik tagalla hem etmeýär diýip, ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň şu ýylky çap eden “Adam gaçakçylygy” boýunça hasabatynda aýdylýar.

Hasabatda Türkmenistanyň adam gaçakçylygy meselesine garşy durmakda ýeterlik tagalla etmeýändigine garamazdan, türkmen hökümetiniň bu ugurda käbir ädimleri ädendigi-de nygtalýar.

Türkmenistan ”Adam gaçakçylygyna garşy çäreleriň milli planyny” berjaý etmegini dowam etdirip, 2016-njy ýylyň oktýabrynda adam gaçakçylygyna garşy kanuny kabul etdi. Şeýle-de, ýurduň Jenaýat kodeksine adam gaçakçylygyny jenaýat diýip kesgitleýän madda goşuldy. Hökümet adam gaçakçylygynyň pidalaryna mugt kanuny kömegi hem göz öňünde tutýar.

Emma adam gaçakçylygy bilen bagly Jenaýat kodeksine goşulan madda bu ugurdaky halkara kanunçylygyna gabat gelmeýär, şeýle-de bu madda häzire çenli ulanylmady.

Mundanam başga, türkmen hökümetiniň pagta möwsümi döwri on müňlerçe raýatyny zor bilen ýygym işlerine çekýändigi bellenilýär. Şol bir wagtda, bu kampaniýany hasaba almakçy bolýan garaşsyz gözegçileriň her dürli basyşlara, jerimelere we gynamalara sezewar edilýändigi-de nygtalýar.

“Adam gaçakçylygy” hasabatynda nygtalyşy ýaly, türkmen hökümeti býujet işgärlerini, şol sanda mugallymlary we lukmanlary, temmi bermek haýbatlary bilen mejbury ýagdaýda pagta meýdanlarynda ulanýar.

Şeýle-de, hökümet hasyl planyny dolup bilmedik kärendeçileriň elinden mellek ýerlerini almak bilen gorkuzýar.

Hasabatdaky maglumata görä, daşary ýurtlardaky türkmenistanly migrantlar tekstil, ekerançylyk, gurluşyk we beýleki pudaklarda mejbury zähmete sezewar edilýärler.

Ýurduň daşynda türkmen aýal-gyzlary-da jynsy gaçakçylyga zor bilen iteklenýärler. Bu pidalaryň esasan Türkiýede, Russiýada we Hindistanda köp duş gelinýändigi aýdylýar.

Galyberse-de, türkmen hökümeti, ýerli kanunçylygyň muny talap etmegine garamazdan, adam gaçakçylygynyň pidalaryna ýadam beriji programmalaryň hiç birini maliýeleşdirmeýär diýlip, hasabatda aýdylýar.

Siziň pikiriňiz

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG