Esasan musulman ilatly alty ýurduň syýahatçylarynyň ABŞ barmagy üçin bu ýurtda olaryň kakasy ýa-da dogany ýaşamaly, emma babasy ýa-da doganoglany bolan syýahatçylaryň barmagyna çäklendirme girizýän düzgün 29-njy iýunda güýje girdi, diýlip media maglumatlarynda aýdylýar.
ABŞ-nyň Baş sudunyň 28-nji iýunda çykaran bu karary prezident Donald Trampyň alty sany Ýakyn Gündogar we Demirgazyk Afrika ýurtlarynyň, şeýle-de ähli bosgunlaryň ABŞ-da ýakyn garyndaşlyk gatnaşygynyň ýa-da ABŞ-nyň guramalary bilen arabaglanyşygynyň bolmadyk ýagdaýynda ýurda barmagyna gadagançylyk girizmegine ýol açdy.
Reuters we AP agentlikleriniň habar bermegine görä, “ýakyn garyndaşlar” ene-atany, är-aýaly, çagalary, ogul-gyzlary, gelinleri, giýewleri,öweý ogul-gyzlary öz içine alýar. Emma baba-mamany, daýy-daýzany, ýegenleri, doganoglanlary, eltileri we beýleki garyndaşlary öz içine almaýar, diýlip media maglumatlarynda Döwlet departamentiniň ABŞ-nyň ähli diplomatik edaralaryna beren görkezmesine salgylanylýar.
Çäklendirmeler Eýrandan, Siriýadan, Ýemenden, Sudandan, Somaliden we Liwiýadan barmak üçin 90 günlük wiza soraýan adamlara degişli bolar.