Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aşgabatda Saglyk öýüniň işgärleri ýowarlara çykarylýar


Türkmenistanda köçäni süpürýän döwlet işgärleriniň biri. Arhiwden alnan surat
Türkmenistanda köçäni süpürýän döwlet işgärleriniň biri. Arhiwden alnan surat

5-nji Aziýa oýunlaryna taýýarlygyň çäginde her şenbe güni Aşgabat şäheri boýunça yglan edilen ýowara edara-kärhanalaryň, saglyk öýleriniň işgärleri hem çekilýärler.

Aşgabatly ýaşaýjy, 72 ýaşly Gözel daýzanyň aýtmagyna görä, saglyk öýleriniň işgärleriniň her şenbe güni ýowara çekilmekleri işgärler üçinem ýeňil däl welin, işgärleriň iş ýerinde bolmazlygy näsaglar üçin has köp kynçylyklary döredýär.

“Saglyk öýlerine baran wagtyň eginleri ak ýektaýly lukmanlaryňam, şepagat uýalarynyňam saglyk öýleriniň howlusynda hem daş-töwereginde elleri sübseli, pilli ýa hek guýulan bedreli işläp ýörendiklerini görýärsiň.

Saglyk öýleriniň içine gireniňde bolsa näsaglara hyzmat etmeli lukmanlaryň köpüsiniň, şepagat uýalarynyň bolsa ählisiniň diýen ýaly iş ýerinde ýokdugyny görýärsiň.

Hassanyň näsaglyk kartoçkasyndan başlap, däri-derman üçin almaly reseptlerini, ýarawsyzlyk listoklaryny ýa beýleki zerur bolan resminamalary düzetmeklikde hem köp kynçylyklar bilen näsaglar ýüzbe ýüz bolýarlar.

Şeýle resminamalara möhür goýmaly ýa resminama gol goýmaly baş lukmanyň orunbasarlaryny, käte baş lukmanyň özüni hem iş ýerinde tapyp bolmaýar, bu bolsa aýak üstünde zordan durýan näsaglar üçin kyn ýagdaýlary döredýär” diýip, Gözel daýza dowam edýär.

Işgärleriň ýowara gitmekleri bilen bagly, bir baran gapyňa iki-üç gezek barmaly bolýandygyny, garrylar, ýarawsyzlar üçin ýokary gatlara çykmaga liftiň hem göz öňünde tutulmadyk 3-nji, 4-nji gatlaryna birnäçe gezek münüp-düşmeli bolýandyklaryny hem 8-nji saglyk öýüne ýüz tutmaly bolýan hassalar aýdýarlar.

Saglyk öýleriniň ählisinde hem bagbanlaryň, howly süpürijileriň bardygyna, olaryň iş ýerlerinde bolup, öz etmeli işlerini ýerine ýetirýändigine seretmezden, ýowar geçirmeli diýip ýokardan görkezme geldigi, näsaglara hyzmat etmeli lukmanlaryňam, şepagat uýalarynyňam, iş ýerinden boşadylyp, howlyny, köçäni süpürmäge çykarylýandygyny ýaşaýjylar aýdýarlar.

Görkezmä boýun bolmaly lukmanlaryň, şepagat uýalarynyň iş ýerinden aýrylyp, ýowara çykarylmagy sebäpli näsaglaryň kösenýändikleri hiç kimi gyzyklandyrmaýar.

Saglyk öýleriniň işi ozal hem ýeterlik. Ýowar sebäpli iki-üç adamynyň etmeli işiniň bir işgäriň boýnuna atylmagy işgärler üçinem ýeňil däldigini, emma näsaglaryň özlerine geregiçe hyzmaty alyp bilmeýändiklerini näsaglar nygtaýarlar.

“Iş ýeriňe gelýänçäň seni ýowara ugradýarlarmy ýa iş ýeriňde goýýarlarmy, ony bilip bolanok. Biz ýowar üçin däl-de, işde bolmak üçin geýnip gelýäris. Emma iş ýeriňe geleniňden soňra, ýolbaşçylar tarapyndan seniň ýowara çykmalydygyň aýdylýar.

Egniňdäki arassa egin-eşigiň bilen howla ýa köçä çykyp, ýer syryp-süpürip başlarsyň. Ýarym günläp dowam eden ýowar gutarandan soňra, öz etmeli işleriňi etmäge mejbur bolýarsyň” diýip, şepagat uýalary aýdýarlar.

Şol bir wagtda bolsa tot-tozana bulaşyp ýören eginleri ak halatly lukmanlary, şepagat uýalaryny her bir saglyk öýleriniň howlusynda, köçelerde, hassahanalaryň öňünde görse bolýar.

XS
SM
MD
LG