Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Kudrin: Russiýa Günbatar bilen gatnaşyklaryny gowulaşdyrman ösüp bilmez


Alekseý Kudrin

Russiýa Günbatar bilen ykdysady sanksiýalar zerarly doňan gatnaşyklaryny gowulandyrýança güýçli ykdysady ösüş gazanyp bilmez diýip, Kremliň baş ykdysady geňeşçisi 30-njy iýunda aýtdy.

"Içerki talaplar biziň ykdysady ösüşimizi 3 prosente, 4 prosente iteklemez” diýip, Kremliň ozalky ykdysadyýet ministri, häzir Moskwadaky Strategiki barlaglar merkezine ýolbaşçylyk edýän we resmi däl ýagdaýda Kremle geňeşçilik edýän Alekseý Kudrin aýtdy.

Kudrin Primakow forumynda çykyş edip, Russiýa ykdysady ösüşiň “ýitirilen on ýylyndan” çykjak hem-de dünýäniň ýokary ykdysadyýetleriniň 10-lugyna dolanjak bolsa, nebit-gazdan başga harytlaryň eksport bazaryny ösdürmel diýdi.

"Bu wezipeleri Günbatar ýurtlary bilen gatnaşyklary gowulandyrmazdan amala aşyrmak mümkin däl” diýip, ol Orsýetiň rowaçlyk gazanmak üçin Günbatar ýurtlarynda bar bolan tehnologiýa we maliýe serişdelerine mätäçdigini belledi.

"Iki tarapdan hem bir-birege tarap ýol tampak zerur we ambisiýalary hem masgalaramalary bir gyra süýşürmeli. Men munuň mümkindigine ynanýaryn” diýip, ol aýtdy.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG