Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Ukraina haker hüjümlerinde rus howpsuzlyk gulluklaryny aýyplaýar


Ukrainanyň döwlet howpsuzlyk gullugynyň ofiseri

Ukrainanyň döwlet howpsuzlyk gullugy golaýda Ukraina edilen kiber hüjümleriniň rus howpsuzlyk gulluklary bilen baglydygyny aýtdy.

Howpsuzlyk gullugynyň saýtynda çap edilen beýanatda 1-nji iýulda Ukrainada başlanyp, soň dünýäniň başga ýerlerine ýaýran kiber hüjümleriniň möhüm maglumatlary bozmak we dowul ýaýratmak maksadyndan ugur alandygy aýdylýar.

Şeýle-de bu haker hüjümleriniň 2016-njy ýylyň dekabrynda Ukrainanyň elektrik sistemasyna hüjüm eden hakerler tarapyndan edilendigi aýdylýar.

"Bar bolan maglumatlar, şol sanda halkara antiwirus gulluklary bilen hyzmatdaşlykda ele salnan maglumatlar bize bu hüjümlere şol bir haker toparlarynyň dahyllydygy baradaky ynama esas berýär, olar 2016-njy ýylyň dekabrynda, TeleBots we BlackEnergy arkaly, Ukrainanyň maliýe sistemasyna, transport we energiýa desgalaryna hüjüm edipdiler” diýip, Ukrainanyň döwlet howpsuzlyk gullugy aýtdy.

"Bu Russiýa Federasiýasynyň ýörite gulluklarynyň bu hüjüme dahyllydygyny tassyklaýar” diýip, habarda aýdylýar.

Kreml bu aýyplamalaryň “esassyzdygyny” aýdýar.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG