Türkmenistanyň daşary işler ministry Reşid Meredow we Ýaponiýanyň ykdysadyýet, söwda we senagat ministri Hiroşige Seko Tokioda ikitaraplaýyn inwestisiýa ylalaşygyny taýýarlamak barada maslahatlaşdy diýip, “Trend” habar gullugy türkmen DIM-ine salgylanyp ýazýar.
Şeýle-de taraplar iki ýurduň arasyndaky söwda we ykdysady gatnaşyklary ýygjamlatmagyň maslahatyny etdiler.
TDH 30-njy iýunda Tokioda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Türkmen-ýapon we Ýapon-türkmen komitetleriniň 12-nji mejlisiniň geçirilendigini habar berdi, emma inwestisiýa ylalaşygy barada hiç zat aýtmady.
“Duşuşygyň barşynda söwda-ykdysady, ulag-aragatnaşyk, nebit-gaz, himiýa we beýleki pudaklarda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň meseleleriniň giň toplumy ara alnyp maslahatlaşyldy” diýip, TDH-nyň habarynda aýdylýar.
Şeýle-de neşir taraplaryň bilim, ylym, medeniýet, sport we syýahatçylyk ulgamlaryna dahylly hyzmatdaşlyk barada pikir alşandyklaryny, “degişli teswirnama” gol çekendiklerini belleýär.