Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Putin Moskwada 4500 'hruşewkany' ýykmaga ygtyýar berdi


Russiýa. Merkezi Moskwada jaý ýykmak planyna garşy çykan protestçini tutýarlar. 14-nji iýun, 2017 ý.
Russiýa. Merkezi Moskwada jaý ýykmak planyna garşy çykan protestçini tutýarlar. 14-nji iýun, 2017 ý.

Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin 1-nji iýulda Moskwada sowet döwründe gurlan müňlerçe kwartira jaýyny ýykmak baradaky dawaly kanun taslamasyna gol çekdi.

Bu kanun esasynda ýüz müňlerçe ýaşaýjy başga ýerlere göçmäge mejbur bolar.

Bu kanun 450 orunly parlamentiň aşaky palatasynyň deputatlary tarapyndan 14-nji iýunda tassyk edildi, oňa 399 deputat ses berdi, 2 deputat garşy boldy. Federasiýa geňeşiniň ýokarky palatasy bu kanuny 28-nji iýunda kabul etdi we onuň teksti 1-nji iýulda çap edildi.

Bu kanuny durmuşa geçirmek planlary maýda we iýunda, Duma ol taslamany tassyk edeninden soň, merkezi Moskwanyň köçelerine müňlerçe protestçiniň çykmagyna sebäp boldy.

https://www.rferl.org/a/russia-moscow-khrushchyovki-demolition-housing-controversy-elections/28471341.html

Moskwa häkimiýetleri ol jaýlaryň weýrançylykly ýagdaýdadygyny we möwritini ötürendigini aýdýarlar, emma aktiwistler we köp ýaşaýjy bu plany öňdenem ýaşyl zonalary daralýan şäherde beýik we gymmatbaha binalary gurmak üçin bahana hasaplaýar.

Kanun taslamasy 1950-nji we 1960-njy ýyllarda gurlan4,500 çemesi binany ýykyp, olaryň ýerine has köp gatly, beýik jaýlary gurmagy nazarda tutýar. Ýykyljak jaýlaryň köpüsi bäş gatly bloklar bolup, halk arasynda sowet lideri Nikita Hruşewiň ady bilen, “hruşewkalar” diýlip atlandyrylýar.

Başky plan 8 müň binany ýykmagy nazarda tutýardy, emma protestlerden soň, ýykylmaly jaýlaryňsanyazaldyldy.

Moskwanyň häkimiSergeý Sobýanin jaýlaryň sentýabrdan ýykylyp başlanmagynyň planlaşdyrylýandygyny, häkimiýetleriň 12 million çemesi ilatly şäherde has kän jaý gurmak proýekti üçin ahyr netijede 61 milliard dollar möçberindeserişde goýberjegini aýtdy.

Häkimiýetler jaýyndan göçürilen adamlaryň öňki kwartiralarynyň “ekwiwalentinde”, emma deň bolmadyk bahadan, şol bir etrapda jaý aljakdygyny aýtdylar.

Moskwa häkimiýetleri “täzelenmeli” diýen sanawa girizilen kwartira bloklarynyň diňe kwartira eýeleriniň üçden ikisi goldaw sesini beren halatynda ýykyljakdygyny aýtdylar.

Emma aktiwistler ses bermedik ýaşaýjylaryň hem “hawa” diýip ses beren hasaplanmagyndan hem-de netijeleriň mümkin bolan galplaşdyrmasyndan howatyr edip, muňa garşy çykýarlar.

XS
SM
MD
LG