Sepleriň elýeterliligi

Ysraýylyň ozalky premýer-ministri Ehud Olmert türmeden boşadyldy


Ehud Olmert

Ysraýylyň ozalky premýer-ministri Ehud Olmert korrupsiýa we beýleki aýyplamalar esasynda 16 aý türmede oturyp, möhletinden öň azatlyga çykaryldy.

Ol 27 aý türme tussaglygyna höküm edilipdi. Olmert 2-nji iýulda Tel-Awiwiiň golaýyndaky “Maasiýahu” türmesinden çykanda žurnalistler bilen gepleşmedi.

71 ýaşyndaky Olmert 2006-njy ýyldan 2009-njy ýyla çenli premýer-ministr boldy we 2014-nji ýylyň martynda başga sekiz resmi we biznesmen bilen bilelikde, gozganmaýan emläk işindäki korrupsiýa aýyplamasynda günäli tapyldy.

Olmert 2016-njy ýylyň sentýabrynda ýene bir goşmaça sekiz aý tussaglyga höküm edildi, bu gezek ol 1993-2003-nji ýyllarda Iýerusalimiň häkimi bolan wagty amerikan biznesmeninden pully bukja alyp, syýasy eglişik etmekde aýyplandy.

Ol aslynda alty ýyl türme tussaglygyna höküm edildi, emma Ýokary sud oňa bildirilen aýybyň esasy bölegini ýatyranyndan soň, türme möhletini hem azaltdy.

Olmert hemişe özüniň bigünädigini aýdyp geldi we özüne bildirilýän aýyplamalary “gazaply, rehimsiz arwah (günäkär) gözlemek” hökmünde häsiýetlendirdi.

XS
SM
MD
LG