Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

"Googleden” iş gözleýänler üçin täzelik


"Google" internet sahypasyndan iş gözleýänlere kömek bermek üçin, gözleg tenijelerine täze aýratynlyklar goşupdyr.

Mundan beýläk iş gözlenýän hyzmaty ulanyjylar özüne iş gözlän mahaly ýöriteleşdirilen sahypalara agza bolmazdan, gerekli iş bildirişlerini gözleg netijelerinde arkaýynlyk bilen görüp bilerler. "Google" hyzmatyndan iňlis dilinde peýdalanýanlara bu aýratynlyk şol bir wagtyň özünde kompýuterden bolşy ýaly, mobil enjamlardan hem doly elýeterli ýagdaýda.

Eger bu hyzmatdan peýdalanýan "golaýda ýerleşýän ýerler" ýa-da öz isleýän iş bildirişiniň adyny ýazyp gözlegi başladan mahaly "Monster", "LinkedIn", "WayUp", "DirectEmployers", "Career Builder", "Glassdoor" we "Facebook" ýaly ulgamlaryň sahypalaryndan gözlenýän aýratynlykdaky iş bildirişleriniň sanawy hödürlener.

Iş bildirişleri gözleginiň aýratynlygyny adyna, özboluşlylygyna, senesine we görnüşine görä aýyl-saýyl etmäge mümkinçilik döredilýär. "Google" geljekde netijeleri aýyl-saýyl etmegiň ugurlaryny hasam köpeltjekdigini bildirýär.

Eger iş gözleýän özüniň "Google" hasabynyň üsti bilen bildirişleri gözlese, onda ol dürli ynamdar sahypalardaky iş hödürleýän firmalara berlen bahalar we olar baradaky ýazylan teswirler bilen hem tanşyp biler.

Iş gözleýän islän mahaly "Google" täze iş bildirişleri hakda oňa elektronik hat bilen habar iberip bilýär. Şeýle aýratynlyk häzirlikçe diňe Amerikadakylar üçin elýeterlidir.

XS
SM
MD
LG