Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Russiýa "Telegram" sosial ulgamyny nyşana aldy


Illýustrasiýa suraty
Illýustrasiýa suraty

Russiýanyň howpsuzlyk gullugy "FSB" aprel aýynda ýurduň Sankt-Peterburg şäherinde 15 adamyň ölmegine sebäp bolan janyndan geçen hüjümçiniň "Telegram" atly mobil sosial ulgamdan peýdalanandygyny aýdýar.

BBC-niň ýazmagyna görä, ors häkimiýetleri mundan owal hem şol sosial ulgamy ýapmaga synanşypdyr. Russiýaly biznesmen Pawel Durow özüniň döreden bu sosial ulgamy barada täze kada-kanunlara gol çekmekden saklanypdyr. Jenap Durow sosial ulgamdaky ýörite kodlanan hatlaryň derňelmegine rugsat bermek islemeýär.

Jihatçylar

"Telegram" sosial ulgamynyň jemi 100 million ulanyjysy bar. "Yslam döwleti" (DAEŞ) atly ýaragly topar we onuň tarapdarlary hem şol sosial ulgamdan giňden peýdalanýar.

"YD" geçen aýda Beýik Britaniýadaky "London Bridge" diýlen ýerdäki jihatçy hüjüminiň jogapkärçiligini öz üstüne alýandygyny "Telegram" sosial ulgamynyň üsti bilen beýan edipdir.

Fransiýadaky we Ýakyn Gündogardaky jihatçylar hem bu sosial ulgamdan peýdalanypdyrlar we ol firma şol bir wagtyň özünde "YD"-nyň tarapdarlary bolan kanallary ýapmak barasynda ylalaşmandyr. "Telegram" 5 müň töwereginde agzasy bolan toparlara hat, resminama, wideo we surat ibermäge mümkinçilik döredýär. Şeýle hyzmat üçinem hiç hili töleg talap etmeýär. Şol bir wagtyň özünde-de, olary gizlinlikde saklamak üçin ýörite kodlaýar.

Ruslaryň howpsuzlyk gullygy "FSB" Sankt-Peterburg hüjümi bilen baglanşykly derňew çäginde golaýda beren beýannamasynda, janyndan geçeniň "Telegram" sosial ulgamyndan peýdalanandygy barasynda, ynamdar maglumata eýedigini bildiripdir. 3-nji aprelde Akbaržon Jalilow atly bir adam iki sany metro duralgasynyň arasynda özüni partladypdy.

Pawel Durow
Pawel Durow

Maglumatlary howpsuzlyk gullugyna bermek

Geçen hepdäniň anna güni Russiýanyň "Roskomnadzor" edarasy, "Telegram" sosial ulgamyny Russiýada köpçülikleýin habar beriş serişdesi ýaly resmi hasaba durmaýandygy üçin, petiklemegi göz öňünde tutýandygyny mälim edipdir. Resmi hasaba alnan halatynda bolsa, ol firma ulanyjylaryň ahyrky 6 aýlyk ähli maglumatyny Russiýada saklamaly bolar.

Jenap Durow şol bir wagtyň özünde Russiýadaky meşhur "WKontakte" sosial ulgamynyň esaslandyryjysy we baştutanydy. Ýöne 2014-nji ýylda ulanyjylar baradaky maglumatlary howpsuzlyk gullugyna bermekden ýüz öwrendigi üçin, ol firmadan aýrylmaga mejbur bolupdy. Soň bolsa Russiýadan daşary ýurda çykypdir.

"Telegram" häzirki döwürde Russiýanyň gaty berk tutulýan media pudagynda habar paýlaşylýan platforma ýaly barha ýörgünlilik gazanýar. Käbir raýatlar bolsa onuň petiklenmegi bilen söz azatlygynyň hasam gysyljakdygyny öňe sürüp, öz nägileligini bildirýärler.

"Fizikany we himiýany hem gadagan etsinler"

Sosial media ulanyjylarynyň pikrine görä, kriminallar tarapyndan ulanylýandygyny öňe sürüp, haýsam bolsa bir ulgamy gadagan etmäge synanyşmak, heňe gelmeýän bir ýagdaýdyr.

"Terrorçylar fizika bilen himiýadan hem peýdalanýarlar, Onda fizika we himiýany hem gadagan etsinler" diýip, bir tiwtde ýazylypdyr.

Jenap Durow derňewçilerden öz nägileligini bildirýär. Olar munyň maksadynyň jihatçylary tutmak däl-de, eýsem olaryň özara ýazýan maglumatlaryny okamakdygyny aýdypdyrlar.

Russiýadan daşaryn käbir internet firmalary hem jihatçylara bomba taýýarlamak barada, şol sanda käbir öjükdiriji materiýallary ýaýratmaga mümkinçilik berýändigi üçin, berk tankyt edilýärler.

Geçen hepdede ÝB-nyň 28 ýolbaşçysy "Google", "Twitter" we "Facebook" ýaly ýaýrawly sosial ulgamlaryna kanuny taýdan basyş edilmegi barasynda bir karara gelipdirler. Olardan jihatçylaryň çykyşlaryny derrew aýyrýan we öjükdiriji materiallary hem dessine arassalaýan hyzmaty işe girizmegi talap edilipdir.

XS
SM
MD
LG