Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

“Biziň syýahatdan galan täsirimiziň barysy harap boldy”


"Biz sürüjiniň ýuwaş we seresap sürmegi üçin, ençeme gezek bellik etsegem, nägileligimize gulak gabardan bolmady”. Illýustrasiýa suraty
"Biz sürüjiniň ýuwaş we seresap sürmegi üçin, ençeme gezek bellik etsegem, nägileligimize gulak gabardan bolmady”. Illýustrasiýa suraty

Türkmenistanly raýat Azatlyk Radiosy bilen habarlaşyp, döwletiň eýeçiligindäki syýahatçylyk kompaniýalarynyň hödürleýän hyzmatlary we bahalary dogrusynda nägileligini bildirdi.

“Biziň syýahatdan galan täsirimiziň barysy harap boldy” diýip, efirde atlandyrylmasyzlygyny soran türkmenistanly öz gürrüňine başlaýar.

Ol döwletiň eýeçiligindäki syýahat kärhanasyndan öz maşgalasy we dostlary üçin “Sekiz Ýap” şarlawugyna ýörite tury satyn alandyklaryny, emma ähli tölegleri geçirseler-de, olara töleg baradaky hiç hili güwänamanyň berilmändigini aýdýar.

“[Syýahat kompaniýasy] muny özleriniň ulaglarynyň ýokdugy, şol sebäpli transport serişdesini kireýine tutmaly bolýandyklary bilen düşündirdiler” diýip, Azatlyk Radiosynyň diňleýjisi hatynda belleýär.

Ol syýahatçylyk kärhanasynyň “Teke bazaryndan” hakyna tutan miniawtobusynyň galdyran täsirleri barada şeýle ýazýar: “Ýol boýy çagalarymyzyň jany barada aladalanyp geçdik. Ulag köne we hapady. Onda gorag kemerleri hem ýokdy. Biz sürüjiniň ýuwaş we seresap sürmegi üçin, ençeme gezek bellik etsegem, nägileligimize gulak gabardan bolmady”.

Munuň ertesi güni syýahatçylyk kärhanasyna baryp, düşündiriş we tölegiň edilendigi baradaky güwänamana gaýtadan soralanda, ol ýerdäki degişli resminiň: “Türkmenistanda ýolagçylyk transporty boýunça hiç kimde lisenziýa ýok. Şol sebäpli, biz nagtyna daşyndan ulag tutýarys. Hiç hili kwitansiýa ýok” diýip, jogap berendigi nygtalýar.

Galyberse-de, Azatlyk Radiosy hatda gürrüňi gidýän kärhana bilen habarlaşyp, ýokarda gozgalýan ýagdaýlar barasynda nähilidir bir kommentariý almak synanyşyklary netije bermedi.

Bu aralykda, ýerli raýatlaryň döwlet eýeçiligindäki syýahatçylyk kärhanalaryna nägilelik bildirmegi bilen birlikde, Türkmenistana sapar etmekçi ýolýan daşary ýurtlulara hem dürli çäklendirmelerdir gadagançylyklar girizilýär.

Bir tarapdan, dünýäniň iň bir ýapyk ýurtlarynyň biri hasaplanýan Türkmenistana syýahata gelmek üçin wiza almagyň juda kyndygyna üns çekilse; beýleki tarapdan, ýurda gelmäge rugsat berlenleriň hem ýanyna ýörite ýolbelediň berkidilýändigi aýdylýar.

Gepiň gerdişine görä ýatlatsak, geçen aý türkmen häkimiýetleri Aziýa oýunlaryna tomaşa etmek üçin gelýän daşary ýurtly syýahatçylaryň ýurduň territoriýasynda ýolbeletsiz, ýagny gidsiz hereket etmegini resmi taýdan gadagan edipdi.

Türkmenistanyň Aziýa oýunlaryny gurnaýjy komitetiniň resmi websaýtynda bu sport ýaryşy döwründe, öz hasabyna Türkmenistana gelmek isleýän daşary ýurtlular üçin, türkmen wizasyny almagyň düzgünleri çap edilipdi.

Şonda, beýleki talaplar bilen bir hatarda, daşary ýurtly syýahatçylaryň ýurduň territoriýasynda ýolbeletsiz, ýagny gidsiz hereket etmegi gadagan edilýär. Şol ýolbeletleriň ýurduň syýahatçylyk kompaniýalary tarapyndan kesgitlenýändigi bellenilýär.

Şol bir wagtda, daşary ýurtly syýahatçylaryň ýanyna berkidilýän ýolbeletleriň ýurda gelen myhmanyň hereketleri barada howpsuzlyk gulluklaryna dowamly maglumat, hasabat bermeli bolýandyklary aýdylýar.

Azatlyk Radiosy bilen habarlaşan şeýle ýolbeletleriň biri: “Bize howpsuzlyk gullugyndan ýörite bir adam bellenýär. Olar dowamly jaň edip, [ýanymyzdaky daşary ýurtly barada] maglumat soraýarlar. [Howpsuzlyk] agentleri munuň bilenem çäklenmän, özleri hem bildirmän turisti maşyn bilen ýa-da bazarlarda alyjy bolan bolup yzarlaýarlar” diýip gürrüň beripdi.

Sözümizi jemlesek, türkmen mediasynda syýahatçylyk pudagyndaky ýokarda beýan edilen ýagdaýlar barada maglumat berilmese-de, – anyk sanlary görkezmän – ýurtda turizmiň ösýändigi we syýahata gelýän daşary ýurtly ‘myhmanlaryň’ köpelýändigi öňe sürilýär.

XS
SM
MD
LG