Sepleriň elýeterliligi

Arap ýurtlary talaplary ýerine ýetirmegi üçin Katara 48 sagat möhlet berdi


Illýustrasiýa suraty

Saud Arabystanynyň döwlet eýeçiligindäki telekanaly bu ýurt bilen onuň arap ýaranlarynyň goýlan 13 maddadan ybarat talaplary ýerine ýetirmegi üçin, Katara ýene 48 sagat möhlet bermek barada ylalaşandyklaryny aýdýar.

Al-Arabiýa telewideniýesiniň 3-nji iýulda ir bilen bildirmegine görä, möhleti uzaltmak baradaky ylalaşyga Kuweýt emiriniň haýyşy boýunça gelnipdir. Kuweýt emiri Katar bilen Saud Arabystany, Müsür, Bahreýn we Birleşan Arap Emirlikleri arasynda barýan dawada araçylyk edýär.

Saud Arabystany bilen onuň ýaranlary Dohany terrorizme goldaw bermekde we regional duşman hasaplanýan Eýran bilen ýakyn gatnaşyk saklamakda aýyplap, Katar bilen bolan ähli diplomatik we sapar gatnaşyklaryny kesdiler.

Ýaranlar 13 maddadan ybarat talap sanawyny düzüp, Katara jogap bermegi üçin 2-nji iýul ýarygijä çenli möhlet berdiler. Doha herekete geçmedik halatynda mundan başga sanksiýalary-da girizjekdiklerini aýtdylar.

Goýlan talaplar terrorizme maliýe goldawyny bermegi bes etmek, Al-Jazeera telekanalyny ýapmak, Eýran bilen gatnaşyklaryň uly bölegini kesmek, şeýle hem Türkiýäniň Katardaky harby howa bazalaryny ýapmak ýaly talaplary öz içine alýar.

Kuweýtiň emiri Şeýh Sabah al-Ahmad al-Sabah 3-nji iýulda Kataryň resmi jogabynyň özüne gowuşandygyny, şol bada hem arap ýurtlaryndan oňa ýene 48 sagat möhlet berilmegini sorandygyny aýtdy.

Kuweýtiň emiri Dohanyň näme jogap berendigi hakda maglumat berenok. Ýöne Kataryň daşary işler ministri Şeýh Mohammad bin Abdulrahman Al Sani 1-nji iýulda Rime eden saparynda, goýlan talaplaryň Kataryň özbaşdaklygyny çäklendirmek diýip, ýene bir gezek ret etdi.

Katarly ministr muňa garamazdan, Dohanyň arap goňşulary tarapyndan gozgalýan meseleler hakda olar bilen pikir alyşmaga taýyndygyny sözüniň üstüne goşdy.

Kataryň garşysyna giriziljek indiki çäreleriň biriniň onuň alty döwletden ybarat Aýlag hyzmatdaşlyk geňeşinden wagtlaýyn çykarylmagy bolmagy mümkin.

Birleşen Ştatlar bilen ýakyn ýaranlyk saklaýan Geňeş Saud Arabystanyny, Birleşen Arap Emirliklerini, Bahreýni, Katary, Kuweýti we Omany öz içine alýar.

2-nji iýulda Müsür öz daşary işler ministriniň Saud Arabystanynyň, Birleşen Arap Emirlikleriniň, şeýle hem Bahreýniň daşary işler ministrleri bilen 5-nji iýulda Kairde duşuşyp, Katar bilen gatnaşyklar hakda pikir alyşjakdygyny bildirdi.

Birleşen Ştatlaryň döwlet departamenti dawanyň çözgüdine kömek etmek boýunça Kuweýtiň oýnaýan roluny goldap, taraplary köşeşmäge çagyrdy.

2-nji iýulda Ak tam prezident Donald Trampyň Saud Arabystanynyň, Kataryň we Abu Dabiniň liderleri bilen aýry-aýrylykda gürleşip, “barýan dawa hakda özüniň aladalanýandygyny” bildirendigini aýtdy.

Ak tamyň aýtmagyna görä, Tramp terrorizmi maliýeleşdirmegi togtatmagyň, şeýle hem ekstremistik ideologiýany ynamdan gaçyrmagyň möhümdigini nygtapdyr.

XS
SM
MD
LG