Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Demirgazyk Koreýa raketasyny üstünlikli synandygyny aýdýar


Demirgazyk Koreýanyň orta aralyga niýetlenen Pukguksong-2 ballisitik raketasy
Demirgazyk Koreýanyň orta aralyga niýetlenen Pukguksong-2 ballisitik raketasy

Demirgazyk Koreýa kontinentara täze ballistik raketasyny üstünlikli synandygyny we onuň dünýäniň islendik ýerinde nyşana ýetmäge ukyplydygyny aýdýar.

Demirgazyk Koreýanyň döwlet telewideniýesiniň 4-nji iýulda aýtmagyna görä, “Hwasong-14” raketasy 2800 kilometr uzaklyga baryp, 39 minutdan soň nyşana ýetipdir.

Günbataryň ýarag ekspertleri agzalan netijäniň Demirgazyk Koreýanyň iň üstünlikli raketa synagy bolmagynyň ähtimaldygyny aýdýarlar.

Bilermenler bu ýaragyň orta aralyga niýetlenen raketa bolup, Alýaska ýetmäge ukyplydygyny belleýärler.

Günorta Koreýanyň harbylary raketanyň 930 kilometr uzaklyga ýetip, Ýapon deňzinde Ýaponiýanyň ykdysady giňişliginiň golaýynda suwa gaçandygyny aýdýar. Bu görkeziji orta aralyga niýetlenen ballistik raketa üçin gysga aralykdyr.

ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp öz reaksiýasyny Twitter ulgamynda mälim etdi we “Günorta Koreýanyň ... we Ýaponiýanyň mundan beýläk hem çydam etjegine ynanmak kyn” diýdi. Tramp Demirgazyk Koreýanyň iň uly ýarany Hytaýy “Demirgazyk Koreýa babatynda agramly hereket etmäge we bu akmaklygy müdimilik bes etmäge çagyrdy”.

XS
SM
MD
LG