Sepleriň elýeterliligi

Belarusa wada berlendigi aýdylýan zawodyň tender bäsleşigi uzaldyldy


Lebap, Garlyk kombinarty, TDH-nyň fotosuraty

Türkmenistan belarus kompaniýalaryna wada berlendigi aýdylýan ikinji kaliý zawody proýektirlemek we gurmak boýunça tender bäsleşiginiň möhletini uzaltdy.

Türkmen mediasynyň 30-njy iýunda beren maglumatyna görä, “Türkmenhimiýa” döwlet konserni dag-magdanlaryny baýlaşdyryjy bu kombinatyň gurluşygy ynanyljak kompaniýanyň zawody başdan-aýak, ýagny tä ulanyşa berilýänçä işlerini doly görnüşde amala aşyrjakdygyny mälim etdi.

Ýatladyp geçsek, ilkibada Türkmenistan Lebap welaýatynyň Garabil känininde gurulmagy planlaşdyrylýan bu kaliý zawodyny gurmak boýunça şu ýylyň 17-nji aprelinde tender bäsleşigini yglan edip, kombinatyň gurluşygy boýunça teklipler üçin wagt möhleti 2017-nji ýylyň 26-njy iýuny diýlip göz öňünde tutulypdy.

Mundan öň, has takygy, şu ýylyň mart aýynyň 31-ne Türkmenistan belarus kompaniýalary tarapyndan gurlan we bahasy 1 milliard dollarlyk kaliý öndüriji kombinaty işe girizipdi.

Şondan soň, aprel aýynyň ahyrynda belarus media serişdesi Belarusyň prezidenti Aleksandr Lukaşenka salgylanyp, Türkmenistanyň Belarusdan dag-magdanlaryny baýlaşdyryjy ýene bir kombinaty gurup bermegi sorandygyny habar beripdi.

“Belaruslara täze kombinatyň gurluşygyny ynanmak üçin ähli güýjüň ulanyljakdygy hut özüme wada berildi. Emma men oňa [Türkmenistanyň prezidentine] aýtdym, eger-de biz islesek, onsuzam tenderi utarys diýdim” diýip, “tut.by” neşiri Lukaşenkany sitirledi.

Bahasy ortaça 1,4 milliard amerikan dollary möçberindedigi aýdylýan bu täze kaliý zawodyny gurmak boýunça tender bäsleşiginiň möhletiniň uzaldylmagynyň sebäpleri barada türkmen häkimiýetleri tarapyndan jikme-jik maglumat berilmeýär. Şol bir wagtda, Azatlyk Radiosyna belarus kompaniýalarynyň bu tender bäsdeşligine gatnaşyp-gatnaşmaýandygyny anyklamak hem başartmady.

Mundan öň, ýagny maý aýynda Belarus bilen Türkmenistanyň özara haryt dolanyşygyny 500 million dollara çenli ýokarlandyrmagy niýet edinýändigi, şol bir wagtda Aşgabadyň Minsk bilen Garlykda gurlan dag-magdan baýlaşdyryjy kombinat üçin doly hasaplaşmandygy barada habarlar peýda bolupdy.

Belarusyň premýer-ministriniň orunbasary Anatoliý Kalininiň 10-njy maýda, Ykdysady hyzmatdaşlyk baradaky belarus-türkmen hökümetara komissiýasynyň mejlisinden soň žurnalistlere aýtmagyna görä, Türkmenistan heniz Garlykda gurlan we golaýda ulanmaga berlen kombinat üçin doly hasaplaşmandyr.

“Belarus bu desgany ulanmaga bermek boýunça öz üstüne alan borçlaryny ýerine ýetirdi, indi biz bile işleşen potratçylarymyz, material berijilerimiz bilen hasaplaşmak üçin, doly hasaplaşyga garaşaýarys” diýip, “BelTa” neşiri wise-premýeriň orunbasarynyň sözlerini sitirleýär. Emma Kalinin Türkmenistanyň näçe bergisiniň galandygyny anyklaşdyrmady.

Ýatlap geçsek, Türkmenistanyň Belarus bilen 2009-njy ýylda gol çeken ylalaşygyna görä, Lebap welaýatynda gurlan Garlyk kombinatynyň işe girizilmegi birnäçe gezek yza süýşürildi; taraplar işleriň gijikmeginde, tölegleriň wagtynda edilmezliginde bir-birini aýyplady.

Galyberse-de, şu ýylyň maý aýynda Türkmenistanyň Garlykdaky dag-magdanlaryny baýlaşdyryjy kombinatdan, planlaşdyrylan kuwwatynyň diňe 7% derejesinde peýdalanýandygy barada maglumatlar peýda boldy.

Türkmenistanyň resmi habar beriş serişdesi “Altyn Asyr” saýtynyň maglumatyna görä, kaliý dökünlerini öndürýän Garlykdaky bu kombinatda häzirki wagtda her gije-gündizde 1000-1500 aralygynda magdan çig-maly öndürilýär. Bu gidişinde ýylda 0.5 million tonna magdan çykarylyp, ondan 100 müň tonna arassa kaliý dökünlerini öndürip bolar diýlip, “Türkmenistanyň Hronikasy” belleýär.

Türkmenistanyň hökümeti Garlykdaky dag-magdanlaryny baýlaşdyryjy kombinatynda ýylda 1.4 million kaliý dökünlerini öndürmek planlaryny yglan edipdi we munuň üçin ýylda 7 million tonnadan gowrak magdan çyg malynyň zerurdygyny mälim edipdi.

Siziň pikiriňiz

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG