Sepleriň elýeterliligi

Aşgabat-Daşkent howa gatnawy ýylyň aýagyna çenli ýola goýlar


Türkmenistanyň döwlet awiakompaniýasynyň uçary

Türkmenistanyň döwlet awiakompaniýasy ýylyň aýagyna çenli Aşgabat-Daşkent-Aşgabat reýslerini ýola goýmagy planlaşdyrýar.

Merkezi Aziýanyň bu iki ýurdunyň paýtagtlarynyň arasyndaka howa gatnawyna başlamak bilen bagly meseleler “Özbegistan howa ýollary” milli kompaniýasynyň we Türkmenistanyň döwlet awiakompaniýasynyň arasynda 28-nji 30-njy iýunda Daşkentde geçirilen gepleşiklerde ara alnyp maslahat edildi diýip, “Özbegistan milli howa ýollary” kompaniýasyna salgylanyp, Gazeta.uz neşri habar berýär.

Şeýle-de maglumata görä, taraplar Türkmenistanyň döwlet kompaniýasynyň uçarlaryny Daşkentiň halkara aeroportunda azyk önümleri bilen üpjün etmek barada şertnama baglaşypdyrlar.

Şu ýyl Türkmenistan Täjigistana hem göni awiareýsleri ýola goýmak planyny mälim edipdi. 12-nji iýulda Aşgabatdan Duşenbä synag reýsi amala aşyryldy.

XS
SM
MD
LG