Sepleriň elýeterliligi

Gündogar Ukrainada MH17 uçaryny partladanlar golland sudunda jogapkärçilige çekiler


Donetskde Malaziýanyň partladylan MH17 uçarynyň galyndylarynyň golaýynda duran Russiýa tarapdar ýaragly güýçler. 18-nji iýul, 2014 ý.

Gollandiýanyň Daşary işler ministrligi gündogar Ukrainada Malaziýanyň MH17 uçaryny partlatmakda güman edilýänleriň Gollandiýanyň sudunda jogapkärçilige çekiljekdigini aýtdy.

5-nji iýulda ministrligiň çap eden beýanatynda 2014-nji ýylyň 17-nji iýul güni bolan uçar heläkçiligini amala aşyrmakda güman edilýänleriň atlary agzalmaýar. Agzalýan pajygaly waka 17 ýurtdan 298 adamyň wepat bolmagyna getiripdi.

Emma 2016-njy ýylda halkara jenaýaty agtaryş topary MH17 ýolagçy uçarynyň, separatistleriň gözegçiligindäki gündogar Ukrainadan atylan “Buk” raketa sistemasy bilen urlup ýykylandygyny anyklady.

Şeýle-de, agzalýan halkara jenaýaty agtaryş topary, ýagny Bilelikdäki Derňew topary (JIT) “Buk” raketa sistemasynyň Ukraina Orsýetden getirilendigini we MH17 hadysasynyň yz ýany bilen gürrüňi edilýän raketa sistemasynyň gizlinlikde yzyna, Orsýete geçirilendigini anyklady.

Orsýet Halkara derňew toparynyň gelen netijesini ret edýär.

5-nji iýulda çap edilen beýanatda Gollandiýanyň daşary işler ministri Bert Koenders: “Biz henizem Halkara derňew toparynyň barlaglaryna kembaha garaýan synanyşyklara we giň möçberli ýalan maglumatlaryň peýda bolýandygyna şaýat bolýarys”, diýdi.

“Muňa garamazdan, Golland Howpsuzlyk prawleniýesiniň derňew hasabaty bilen bir hatarda Halkara derňew toparynyň 2016-njy ýylyň sentýabr aýyndaky prezentasiýasynyň netijelerini hem öz içine alýan esasy wajyp netijeler gazanyldy”, diýip Koenders nygtady.

Ministr: “’Şol bir wagtyň özünde häzirki alnyp barylýan derňewlere halkara jemgyýetçiligi biragyzdan goldaw berýär”, diýip sözüniň üstüni ýetirdi.

Koenders, derňewe gatnaşýan ýurtlaryň, ýagny Awstraliýanyň, Belgiýanyň, Malaziýanyň, Ukrainanyň we Gollandiýanyň, diňlenişigi golland sudunda geçirmegi kararlaşdyrandygyny aýtdy.

Koenders güman edilýänleri jogapkärçilige çekmekde agzalýan ýurtlaryň ählisiniň hyzmatdaşlyk etjekdigini we diňlenişigiň ähli pidalary öz içine aljakdygyny mälim etdi.

Ol: “Muny şeýle etmek bilen, Halkara derňew toparyna girýän ýurtlar Birleşen Milletler Guramasynyň Howpsuzlyk geňeşiniň heläkçilikli hadysa sebäp bolan jogapkärleri jezalandyrmak boýunça çagyryş etmegine ünsi çekýär. Biz bu mesele boýunça halkara jemgyýetçiliginiň goldawyna bil baglamaga esas bardygyny ynamly aýdyp bileris. Men munuň şeýle ýagdaýda saklanmagy üçin elimden gelenini ederin”, diýdi.

Siziň pikiriňiz

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG