Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

"Myhmanhanalary, restoranlary däl, işlenýän ýerleri köpräk açyň!"


Illýustrasiýa suraty
Illýustrasiýa suraty

Hormatly Gurbanguly Berdimuhamedow,

Siz 29-njy iýunda, 60 ýaşyňyzyň dolan gününde paýtagtymyzyň Arçabil etrabynda bina edilen “Gala” medeni-dynç alyş merkezini açdyňyz. TDH täze binanyň Köpetdagyň belent dag depeleriniň golaýynda, ajaýyp jülgede gurlandygyny habar berdi.

Bu merkez Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary tarapyndan gurlupdyr, emma onuň anyk eýesi kim, ýa-da bu kaşaň desga nähili serişdäniň hasabyna guruldy, bu zatlar aýdylmaýar. Ýöne onuň tutýan meýdany, ol ýerde gurlan kaşaň restoranlar, toý mekany we beýlekiler çykarylan çykdajynyň kiçir-girim bolmandygyny çaklamaga esas berýär.

Elbetde, ýurt ösen, adamlar gurply bolsa, ilat üçin gowy dynç alyş merkezleri gurulsa, begenmeli. Emma geliň açyk aýdalyň, häzir Türkmenistanda adamlaryň köpüsiniň ýadyna restoranda ýa “Awazadaky” myhamnhanalarda dynç almak düşýärmi?

Ikinjiden, bu dynç alyş merkezleri kimiň puluna gurulýar? Olar halkyň puluna gurulýarmy ýa aýratyn alnan adamlaryň ýatyran maýasynyň hasabyna? Hususy kärhana özüni ödemejek iş edermi?

Bellemeli ýeri, bu şunuň ýaly ýagdaýda gurulýan ilkinji dynç alyş merkezi hem däl.

Mysal üçin, “Bagtyýarlyk” söwda-dynç alyş merkezi, “Berkarar” söwda we dynç alyş merkezi, “Älem” medeni dynç-alyş merkezi we beýlekiler.

Bilýän adamlar bularyň halk puluna gurlandygyny aýdýarlar. Bulam owarram diýseň, olar haçan özüni ödär diýen sorag hem keserip dur. Sebäbi halkyň aglaba köpçüliginiň häzirki ýagdaýynda ol ýerlere baryp dynç aljak, söwda etjek adam juda az. Munuň sebäbini sizem bilýärsiňiz, bizem bilýäris: işleýän adamlaryň alýan aýlyklary juda az; işsiz bolsa örän kän.

Üstesine, işleýänleriň aýlyklary gijikdirilip berilýär, manadyň hümmeti peselýär, dollarda satyn alnyp, ýurda getirilýän harytlar, azyk önümleri, derman – hemme zat ýönekeý adamlaryň mümkinçiliginden has gymmat.

Şu ýagdaýy bilip, görüp durkaňyz, näme üçin yzly-yzyna dynç alyş merkezini açýarsyňyz? Ol merkezlerden peýda däl, zyýan bar, sebäbi olary saklamak üçinem pul gerek.

Hormatly Arkadag, haýyş edýärin, indi dynç alyş merkezlerini, gymmat myhmanhanalary, restoranlary, suwa düşülýän ýerleri däl, işlenýän ýerleri köpräk açsaňyzlaň!

Hormat bilen, işsiz raýat.

XS
SM
MD
LG