Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Tramp Russiýany 'durnuksyzlaşdyryjy işlerini' bes etmäge çagyrdy


Birleşen Ştatlaryň prezidenti Donald Tramp
Birleşen Ştatlaryň prezidenti Donald Tramp

ABŞ-nyň prezidenti DonaldTramp 6-njy iýulda Warşawanyň taryhy Krasinkiý skwerinde çykyş edip, Russiýany “duşmançylykly režimleri, şol sanda Siriýany we Eýrany goldamagy bes etmäge, oňa derek umumy duşmanlara garşy söweşe we siwilizasiýanyň özüniň goragyna goşulmaga” çagyrdy.

Şeýle-de Tramp Amerikanyň NATO ýaranlaryny Günbatary “radikal yslamçy terrorçylardan” we terrorçylaryň alýan “islendik görnüşdäki ideologiki goldawyndan” goramak işine goşulmaga çagyrdy.

Ol Birleşen Ştatlar gaýta-gaýta “diňe sözde däl, eýsem öz hereketlerinde hem özüniň NATO şertnamasynyň 5-nji maddasynyň arkasynda durýandygyny görkezdi” diýdi. Bu madda NATO-nyň bir ýurduna hüjüm edilmeginiň onuň ähli agzasyna hüjüm edilmegini aňladýandygyny tassyklaýar.

Tramp biraz öň Warşawada Birleşen Ştatlar “Merkezi Ýewropada parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmäge ygrarly” diýdi we Waşingtonyň “Polşa bilen bilelikde Russiýanyň durnuksyzlaşdyryjy gylyklaryna gaýtawul bermek üstünde işleýändigini” aýtdy.

Tramp polýak prezidenti Andrzej Duda bilen duşuşykdan soň Waşingtonyň NATO ýaranlygyna ygrarlylygyny gaýtadan tassyklady we “Biziň NATO we Polşa bilen berk ýaranlygymyz konfliktiň öňüni almak we Ýewropadaky beýik döwletleriň arasynda indi gaýdyp uruş turmazlygynyň üpjün edilmegi, dünýäniň howpsuz we has gowy ýer bolmagy üçin aýgytlylygyna galýar” diýdi.

Kremliň sözçüsi Moskwanyň Russiýanyň “durnuksyzlaşdyryjy” hökmünde häsiýetlendirilmegi bilen ylalaşmaýandygyny aýtdy we Kreml Russiýa bilen Birleşen Şattlaryň arasynda düşünişmäniň ýokdugyna gynanýar diýdi.

Tramp 6-njy iýulda merkezi we gündogar Ýewropanyň döwlet ýolbaşçylary bilen duşuşdy we, şol gün giçlik Germaniýada, Hamburgda geçiriljek 20-ler sammitine we 7-nji iýulda rus prezidenti Wladimir Putin bilen duşuşmaga ugramazyndan öň Polşanyň halkyna telewideniýe arkaly ýüzlenme bilen çykyş etdi.

Ol Warşawadaky Üç deňiz inisiatiwasy sammitiniň döwlet we hökümet liderleriniň öňünde söz sözledi. Bu sammit Polşa bilen Horwatiýanyň bilelikdäki proýekti bolup, 2016-njy ýylda Adriatik deňzi, Baltika deňzi we Gara deňiz bilen serhetleşýän ýurtlaryň arasynda söwda, infrastruktura, hyzmatdaşlyk, energiýa we syýasat hyzmatdaşlyklaryny güýçlendirmek maksady bilen başlandy.

Bu inisiatiwa Wengriýa, Çeh respublikasy, Slowakiýa, Rumyniýa, Bolgariýa, Litwa, Latwiýa, Estoniýa, Sloweniýa, Awstriýa hem girýär.

Ak tam Trampyň bu sammitde Russiýa energiýa garaşlylygyndan alada galýan ýurtlaryň liderlerini Birleşen Ştatlaryň soňky döwürde elýeterli bolan tebigy gaz mümkinçiliklerinden peýdalanmaga hyjuwlandyrjagyny aýtdy.

Polşanyň populist liderleri Trampyň syýasatlaryna we onuň dünýä seredişine, immigrantlara garşy temalardan başlap, halkara guramalara goldawy görnetin gowşatmagyna çenli, goldaw bildirdiler.

Ýöne muňa garamazdan, beýleki ýewropa ýurtlarynda bolşy ýaly, polýak liderleri hem ABŞ-nyň prezidentiniň öz ýurdunyň NATO hem-de ýaranlygyň 5-nji maddasyna, ýagny NATO-nyň agza ýurtlarynyyň birine hüjüm edilmeginiň ýaranlygyň ähli agzasyna hüjüm edilmegi hasaplanmagy baradaky prinsipine ygrarlylyk baradaky sözlerini eşitmek islediler.

Tramp 6-njy iýuldaky metbugat ýygnagynda Dudanyň gapdalynda durup, žurnalsistlere Russiýa ABŞ-nyň 2016-njy ýyldaky prezident saýlawlaryna gatyşdy diýip pikir edýändigini aýtdy.

"Men bu Russiýa diýip pikir edýärin we başga ýurtlarda bu başga adamlar hem bolup biler” diýip, ol “hakykatda hiç kimiň muny anyk bilmeýändigini” hem sözüne goşdy.

Russiýa bilen arasynyň ýakynlygy, Moskwanyň sebitdäki niýetleri zerarly, hususan-da Russiýa Ukrainanyň Krym sebitini bikanun anneksiýa edip, gündogar Ukrainadaky separatistlere goldaw bereninden soň, şeýle-de Birleşen Ştatlardaky we käbir ýewropa ýurtlaryndaky saýlawlar mahalynda jemgyýetçilik pikirine täsir etmek kampaniýasy diýilýänden soň, Polşanyň aladalary ýokarlandy.

Tramp maý aýynda Ýewropa eden ilkinji saparynda, 5-nji maddany agzamazlyk we oňa derek ýaranlygyň agzalaryny goranyş üçin ýeterlik harç çykarmazlykda tankytlap, ABŞ-nyň köp harajat çykarmaly bolýandygyny aýdyp, NATO agzalarynyň köpüsini haýran galdyrdy.

Trampyň milli howpsuzlyk geňeşçisi H.R. McMaster geçen hepde žurnalistlere Tramp özüniň bu gezekki sözüni ABŞ-nyň günbatar ýaranlaryna ygrarlylygyny nygtamak üçin ulanjakdygyny aýtdy.

"Ol diňe Amerikanyň Ýewropa bilen geljekki gatnaşygy baradaky pozisiýasyny aýan etmez, eýsem biziň transatlantik ýaranlygymyzyň geljegi, onuň amerikan howpsuzlygy we amerikan abadançylygy babatynda nämäni aňladýandygy baradaky pikirini aýdar” diýip, McMaster aýtdy.

ABŞ-nyň prezidenti Warşawada söz sözländen soň haýal etmän Hamburga, 20-ler toparynyň sammitine ugrar.

Tramp bilen Putiniň ilkinji duşuşygy 7-nji iýulda, 20-ler sammitiniň gapdalyndan geçiriler.

Gün tertibiniň baş meselesi Siriýa konflikti, şol sanda ABŞ-nyň Siriýada uçmasyz zonalary döretmek teklibi babatynda hyzmatdaşlyk etmek meselesi bolar öýdülýär.

XS
SM
MD
LG