Sepleriň elýeterliligi

Eýran bahalaryň peselmeginiň Türkmenistan bilen gatnaşyklara täsir ýetirendigini aýdýar


Eýranyň we Türkmenistanyň prezidentleri iki ýurduň arasynda täze gaz geçirijisiniň açylyş dabarasynda, Döwletabat gaz ýatagy, 6-njy ýanwar, 2010.

Eýranyň Türkmenistan boýunça söwda ugrundan ilçisi Rahmatulla Hormali ýurtlaryň arasyndaky söwda gatnaşyklarynyň azalmagynyň esasy sebäbiniň energiýa göterijileriň bahasynyň pese gaçmagy bilen baglydygyny aýtdy, diýlip media maglumatlarynda aýdylýar.

“Türkmenistanyň hökümeti uzakmöhletli senagat programmasyna başlady we täze energiýa bazarlaryny gözleýär” diýip IRNA agentligi eýran resmisini sitirläp, onuň “Türkmenistanyň öz energiýa syýasatyny üýtgedýändigine we onuň energiýa serişdeleriniň bazarynyň öňküsi ýaly däldigine biz düşünmeli, şonuň üçin biz bu ýurtdaky ýagdaýyň özgerişine syn etmeli” diýip belländigini habar berýär.

Eýran uzak ýyllaryň dowamynda Türkmenistanyň tebigy gazynyň esasy hyrydary bolupdy. Iki ýurduň arasynda gaz söwdasy boýunça hasaplaşygyň üstündäki dawanyň netijesinde 2017-nji ýylyň başynda Türkmenistan Eýrana gaz akdyrmagyny bes etdi. Türkmenistan Eýranyň 2 milliard amerikan dollary möçberinde bergisiniň bardygyny aýtdy.

Eýranyň milli gaz kompaniýasynyň ýolbaşçysy Hamit Reza Araki Eýranyň türkmen gazyny satyn almagyny dowam etdirip biljekdigini maý aýynda mälim etdi.

XS
SM
MD
LG