Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Berdimuhamedow güýç gulluklaryna myhmanlar babatdaky borçlaryny ýatlatdy


Aziada-2017-niň teklip edilen sport lybaslary
Aziada-2017-niň teklip edilen sport lybaslary

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 5-nji iýulda Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisini geçirip, güýç gurluşlarynyň işiniň ýakyn geljekdäki ugur-ýoluny kesgitledi we ýene bir gezek Aziýa oýunlaryna görülýän taýýarlyga ünsi çekdi.

Döwlet eýeçiligindäki TDH-nyň maglumatyna görä, prezident sentýabr aýynda Aşgabada geljek myhmanlaryň degişli derejede kabul edilmegi barada söz açyp, harby we hukuk goraýjy edaralaryň borjunyň “jenaýata garşy barlyşyksyz göreş alyp barmakdan” ybaratdygyny ýatlatdy.

Mundanam başga, prezident ýurduň Migrasiýa gullugynyň başlygynyň alty aýyň dowamynda ýurda gelen adamlar boýunça beren hasabatyny diňledi. Emma habarda hasabat döwründe Türkmenistana näçe daşary ýurtly myhmanyň gelendigi anyklaşdyrylmady.

Muňa derek, döwlet baştutany Migrasiýa gullugynyň ähli düzümleriniň işiniň “Türkmenistana işewürlik we tanyşlyk saparlary bilen gelýän daşary ýurtly myhmanlaryň anyk hasaba alynmagynyň üpjün edilmegine gönükdirilendigini” ýatlatdy.

Şunuň bilen baglylykda, ol Aziada günlerinde ýurda geljek myhmanlaryň degişli migrasiýa çäresini geçmekleri üçin halkara ülňülerine laýyk şertleriň döredilmegi babatda birnäçe tabşyryk berdi diýip, TDH ýazýar.

Mundan öň Türkmenistanda, Aziada görülýän taýýarlygyň çäginde, welaýat ýerlerinden gelýän ulaglary şähere goýbermegiň çäklendirilýändigi, olar üçin şäher eteginde ýörite awtoduralgalaryň gurulýandygy, paýtagtda köne maşynlaryň hereketine çäklendirme girizilýändigi barada habar çykdy.

Şeýle-de Aşgabatda prezident Berdimuhamedowyň özüniň talaby esasynda propiska düzgünleri berkidilip, region ýerlerinden gelýän migrant işgärleriň jaý kireýleri gymmatlandygy, olaryň gelen ýerlerine ugradylýandygy, köneräk eşikli adamlaryň saklanylýandygy habar berildi.

Türkmenistan daşary ýurtly syýahatçylaryň, şol sanda etniki türkmenleriň hem wiza almakda bir topar çäklendirme bilen ýüzbe-ýüz bolýan ýurtlarynyň biri hasaplanýar. Emma türkmen lideri Aşgabadyňsoňky ýyllarda “sebitara, halkara we dünýä derejesinde möhüm çäreleriň geçirilýän merkezine öwrülendigini” belleýär.

Türkmenistan sentýabr aýynda Aşgabatda ýapyk binalarda, söweş sungaty boýunça geçiriljek V Aziýa oýunlary üçin 5 milliard dollarlyk Olimpiýa şäherçesini gurdy. Bu şäherçäniň saklanmagy üçin 1300-e golaý iş ýeriniň dörediljegi aýdyldy.

Şeýle-de synçylar Aşgabatda, 20 ýyl ozal gurlan täze aeroportyň ýykylyp, has döwrebap, bahasy 2 milliard dollardan aşýan uçar menziliniň hem Aziada geljek myhmanlarda täsir galdyrmak üçin gurlandygyny aýdýarlar.

Türkmen prezident iýun aýynda Aziýa oýunlaryna görülýän taýýarlygyň çäginde Olimpiýa şäherçesini gözden geçirdi, dikuçarly Aşgabadyň üstünden aýlandy we resmilere bir topar tankydy bellik etdi. Bu bellikleriň içinde şäherde gök, bagly zolaklary köpeltmek, awtoduralgalary gurmak, gurluşyk zibillerini aýyrmak ýaly tabşyryklar hem bar.

Şol bir wagtda synçylar şäherde geçirilýän abadançylyk işleri bilen baglylykda saýaly baglaryň, gyrymsy agaçlaryň köp çapylandygyny, ozalam gyzgyn klimatly şäherde asfalt we beton düşelen ýerleriň köpeldilendigini aýdýarlar. Adynyň aýdylmazlygyny soran ýerli synçynyň tassyklamagyna görä, baglaryň köp çapylmagynyň bir sebäbi howpsuzlyk aladalary bilen bagly.

Metbugat habarlaryna görä, Türkmenistana Aziýa oýunlary wagtynda 5 müňe golaý sportçy, 2,5 müň tälimçi, 10 müň hünärmen, 1,5 müň metbugat işgäri, 200 müňe golaý daşary ýurtly sport muşdagy geler diýip çaklanylýar. Bu myhmanlar, Oýunlaryň Guramaçylyk komitetiniň bildirmegine görä, Aziada wagtynda ýurduň çäginde ýany ýolbeletsiz hereket edip bilmezler we olaryň hyzmatlary üçin goşmaça töleg etmeli bolarlar.

Şol bir wagtda myhmanlar, eger isleseler, prezident Berdimuhamedowyň soňky syýahatçylyk teklibinden peýdalanyp, Aşgabadyň ýokarsyndan dikuçarly gezelenç edip bilerler.

XS
SM
MD
LG