Sepleriň elýeterliligi

Hamburg: Uly-20 guramasynyň sammitiniň başlanan wagtynda ýene zorluk tutaşdy


Hamburg, 7-nji iýul, 2017.

7-nji iýulda Hamburgda Uly-20 guramasynyň sammitiniň başlanan wagtynda zorluk tutaşdy, häkimiýetler potestçileriň polisiýanyň bölümine hüjüm edendigini aýtdylar. Çaknyşyklar dünýäniň senagat taýdan iň ösen ýurtlarynyň liderleriniň söwda we howanyň üýtgemegi bilen bagly meseleleri maslahat etmek üçin 7-8-nji iýulda geçirilýän sammitiniň başlanan wagtynda döredi.

Ýewropa komissiýasynyň prezidenti Jean-Klaude Junker dünýä liderleriniň Hamburg şäheriniň köçelerinde geçýän protestlere “göz ýümmandygyny we eşitmezlige salmandygyny” sammitde žurnalistlere aýtdy.

Hamburgyň polisiýasy 7-nji iýulda protestleri köşeşdirmek üçin suwy pürkýän gurallary ýerleşdirdi we polisiýa bölümine hüjüm edenleri “gozgalaňçylar” diýip atlandyrdy. Germaniýanyň federal polisiýasy Hamburgyň Altona etrabynda otly serişdeleri oklap, polisiýanyň ulaglaryny otlan “zor görkeziji şahsyýetler babatynda çäreleriň ýola goýlandygyny” aýtdy.

Uly-20 sammitiniň öňüsyrasynda polisiýanyň we protestçileriň arasynda dörän zorluklaryň netijesinde birnäçe polisiýa wekili we kapitalizme garşy çykyş edýän protestçileriň ençemesi ýaralandy.

6-njy iýulda 13 müň çemesi protestçi köçä çykdy. Polisiýa dynç günlerinde bu port şäherinde 100 müň protestçiniň jemlenjegini çak edýär. Germaniýanyň polisiýasy 20 müň wekiliniň howpsuzlygy üpjün etjekdigini aýdýar.

XS
SM
MD
LG