Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Prezident “Aziada-2017”-niň lybaslary bilen tanyşdy


Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow “Aziada-2017” üçin niýetlenen lybaslar bilen tanyşýar.
Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow “Aziada-2017” üçin niýetlenen lybaslar bilen tanyşýar.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow “Aziada-2017” oýunlary üçin niýetlenen lybaslaryň bezegini – onuň sözleri bilen aýdylanda – “oýlanyşykly” we “milli äheňlere kybap ýagdaýda” ulanmagy tabşyrdy.

G.Berdimuhamedow penşenbe güni Dokma senagaty ministrligine baryp, ol ýerde 17-27-nji sentýabr aralygynda geçjek oýunlarda, türkmen ýygyndy toparynyň agzalarynyň, işgärleriň hem-de oýunlaryň meýletinçileriniň lybaslarynyň görnüşleri bilen tanyşdy.

Türkmen mediasynyň maglumatyna görä, Berdimuhamedow mundan bir aý çemesi ozal, ýagny 30-njy maýda gürrüňi gidýän lybaslar bilen baglylykda girizilmeli düzedişleri belläp geçipdi.

Resmi metbugat Aşgabadyň Modalar öýünde öndürilendigi aýdylýan bu lybaslarda “milli ruhy we maddy medeniýetiň baý mirasyna mahsus bolan köpöwüşginli ýörelgeleriň” ulanylandygyna hem ünsi çekýär.

Prezident lybaslaryň wajypdygyna ünsi çekmek bilen birlikde, onuň häzir hödürlenen egin-eşikleri tassyklap-tassyklamandygy ýa-da olara girizilmeli düzedişler barada nähilidir bir bellikleri edendigi hakda hiç hili maglumat berilmeýär.

Gepiň gerdişine görä ýatlatsak, “Aziada-2017” oýunlary bilen baglylykda, ozal resmi derejede ykrar edilen nyşanlar soňy bilen tankytlara uçrapdy hem üýtgedilipdi.

Mart aýynyň ortalaryna türkmen mediasy “Aziada-2017” oýunlarynyň ýanwar aýynda ykrar edilen we giňden mahabatlandyrylan tumarynyň, ýagny tahýaly, ýaşyl reňkli alabaýyň deregine täze bir şekil hödürlenipdi. Bu türkmen prezidentiniň tumaryň öňki şekilini tankyt etmeginden, bir hepde gowrak wagt soň ýüze çykypdy.

Mundanam başga, Olimpiýa şäherçesindäki esasy stadionyň depesinde ýerleşdirilen atyň kellesiniň şekiline hem ençeme tapgyr özgertmeler girizilipdi.

Prezident Berdimuhamedow 6-njy iýunda “Aziada-2017” üçin niýetlenen lybaslar bilen birlikde, paýtagty “toý lybasyna bezemek işleri” diýlip, häsiýetlendirilen çäreler bilen hem tanşypdyr.

Aşgabadyň häkimi oýunlara gabatlap, paýtagtyň köçelerinde we meýdançalarynda ornaşdyryljak bezegleriň dürli görnüşlerini hödürläp, şäheriň köçelerini güller, dürli reňkli baýdajyklar bilen bezemegi hem teklip edipdir.

G.Berdimuhamedow bolsa, öz gezeginde bu ugurdaky alnyp barylýan işleriň “güýçlendirilmegini” talap edipdir.

Ýeri gelende bellesek, bu oýunlar bilen baglylykda görülýän taýýarlyklaryň çäginde, Aşgabatda we onuň eteklerinde – köplenç halatda degişli kompensasiýa berilmezden – on müňlerçe adamyň ýaşap oturan jaýlary ýumrulypdy, ozaldan duran jemgyýetçilik binalary hem ýer-ýegsan edilipdi, saýaly baglar çapylypdy.

Şol bir wagtda, energiýa serişdeleriniň bahalarynyň gaçmagy bilen agyr ykdysady krizisi başdan geçirýändigi aýdylýan Türkmenistanyň bu oýunlara, oňa görülýän taýýarlyklara çykarýan pul serişdeleri barada hiç zat aýdylmaýar.

Elýeterli maglumatlara görä, Olimpiýa şäherjigi we oýunlara gabatlanyp açylan täze aeroport üçin, döwlet gaznasyndan azyndan 7 milliard dollar çykarylypdyr.

Türkmen emeldarlary we mediasy bu oýunlaryň ýurdyň “abraýyny has-da belende galdyrjakdygyny” tekrarlasalar-da, olaryň ilata ýetirýän täsirleri, hususan-da telekeçilerden we býujet işgärlerinden pullaryň tutulyp galynmagy ýaly ýagdaýlar barada dil ýarmaýarlar.

XS
SM
MD
LG