Sepleriň elýeterliligi

Gunduzda söweşiji toparlaryň arasyndaky çaknyşykda parahat ýaşaýjylar ýaralandy


Gunduz şäheri

Owganystanyň demirgazygyndaky Gunduz welaýatynda gapma-garşylykly ýerli söweşiji toparlaryň arasynda bolan çaknyşykda alty sany parahat ýaşaýjy ýaralandy diýip hökümet resmisi aýdýar.

Çaknyşyk 7-nji iýulda irden Gunduz welaýatynyň Hanabad etrabynda ýüze çykdy diýip, ýerli häkim Haýatullah Amiri aýtdy.

Owganystanda meýdan komandirleriniň we topar ýolbaşçylarynyň baştutanlygyndaky söweşijileriň ençemesi hereket edýär. Olaryň ençemesi Owganystanyň hökümet güýçleri bilen bilelikde “Talybana” garşy söweşýär.

7-nji iýulda bolan çaknyşyga gatnaşan toparlaryň hiç biriniň “Talyban” bilen arabaglanyşygynyň bolmandygy çak edilýär.

Gunduz şäherinden 30 kilometr gündogar tarapdan ýerleşýän Hanabad şäheri 2016-njy we 2017-nji ýyllarda ýygy-ýygydan “Talybanyň” gözegçiligine geçipdi.

XS
SM
MD
LG