Sepleriň elýeterliligi

Rus gazeti Çeçenistanda adamlar sud-soragsyz jezalandyrylýar diýýär


Çeçen lideri Ramzan Kadyrow

Russiýada çykýan “Novaya Gazeta”, ady aýdylmaýan çeşmelere salgylanyp, Çeçenystanyň howpsuzlyk güýçleriniň 26-njy ýanwara geçilýän gije 27 adamy gyssagly jezalandyryp öldürendiklerini habar berdi.

Gazet 9-njy iýulda çak edilýän pidalaryň Demirgazyk Kawkaz respublikasynda 2016-njy ýylyň dekabr aýynyň ortasynda başlanan reýdler netijesinde dürli ýerlerden tutulan adamlardygyny aýtdy.

Neşiriň maglumatyna görä, tussaglara jezalandyrylyp öldürilmezinden öň hiç hili resmi aýyp bildirilmändir we olar babatda hiç bir kagyz ýazgysy edilmändir.Içeri işler ministrligindäki çeşme, aýdylmagyna görä, pidalaryň atlaryny aýdypdyr we žurnalistler bu adamlaryň hiç birini tapyp bilmändir.

"Bu adamlar hakda bir zatlar anyklamak barada edilen islendik synanyşyk soralan adamlaryň her birinde görülmedik gorky döretdi” diýip, gazet ýazýar.

“Novaya Gazeta” aprelde Çeçenistanda onlarça homoseksual erkegiň tutulyp, tussag edilip, kemsidilendigini habar beripdi.

XS
SM
MD
LG