Sepleriň elýeterliligi

Aziada-2017: Aşgabatda syýahatçylara niýetlenen awtobus synaldy


Aşgabat

Türkmenistanyň paýtagtynda Aziada-2017 sport ýaryşynyň myhmanlary üçin niýetlenen ekskursion awtobusyň synag reýsi geçirildi.

Resmi maglumata görä, myhmanlara görkeziljek syýahatçylyk marşruty Aşgabadyň Ak Altyn myhmanhanasyndan başlanyp, ak mermerli köşkleri, suw çüwdürimlerini, bezegli köçeleri we muzeýleri öz içine alýar. Ekskursiýalaryň ýolbeletli geçiriljekdigi aýdylýar.

Mundan ozal Türkmenistan Aziýa oýunlaryna tomaşa etmek üçin barjak her bir daşary ýurtly syýahatçynyň ýurduň territoriýasynda ýolbeletli bolmagyny talap etdi.

Şeýle-de Türkmenistanyň prezident Gurbanguly Berdimuhamedow sentýabr aýynda Aşgabatda geçiriljek V Aziýa oýunlaryna gelen myhmanlara Aşgabady we beýleki ýerleri görkezmek üçin dikuçarly syýahatçylyk hyzmatlaryny gurnamagy teklip edipdi.

Türkmenistan 17-27-nji sentýabrda Aşgabatda geçiriljek Aziýa oýunlary wagtynda ýurda 200 müňden gowrak daşary ýurtlynyň barjagyna garaşýar.

Ýapyk binalarda we söweş sungatlary boýunça V Aziýa oýunlary Aşgabadyň merkezinde gurlan bahasy 5 milliard dollarlyk olimpiýa şäherçesinde geçiriler.

XS
SM
MD
LG