Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmen hökümeti telewideniýäniň döwlet kanallaryny maliýeleşdirmez


Ýurduň tele we radio ýaýlymlaryny maliýeleşdirmegi bes etmek 4 ýylyň dowamynda amala aşyrylar.
Ýurduň tele we radio ýaýlymlaryny maliýeleşdirmegi bes etmek 4 ýylyň dowamynda amala aşyrylar.

Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň tele we radio ýaýlymlaryny Döwlet býujetinden maliýeleşdirmegi bes etmek barada karar kabul edildi.

Türkmen prezidentiniň 7-nji iýulda gol goýan Kararyna laýyklykda, – anyk jikme-jik maglumat berilmese-de – munuň “Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň kämil bazar gatnaşyklaryna geçýän döwründe Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň işini has-da kämilleşdirmek maksady bilen” kabul edilendigi nygtalýar.

Dokumente görä, ýurduň tele we radio ýaýlymlaryny maliýeleşdirmegi bes etmek 2018-nji ýyldan başlap tapgyrlaýyn böleklere bölmek bilen, 4 ýylyň dowamynda amala aşyrylar.

Kararda Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetine Türkmenistanyň Ministrler Kabineti bilen ylalaşyp, kesgitlenen teleradioýaýlymlara marketing gurallary boýunça mahabat hyzmatlaryny ýerine ýetirmäge we hojalyk hasaplaşygyndan alýan girdejileriniň hasabyna öz çykdajylaryny maliýeleşdirmäge ygtyýar berilýändigi aýdylýar.

Ýeri gelende ýatlatsak, häzir Türkmenistnda 7: “Altyn Asyr”, “Ýaşlyk”, “Miras”, “Türkmenistan”, “Aşgabat”, “Türkmen owazy”, “Türkmenistan sport” telekanallary we dört: “Çar tarapdan”, “Miras”, “Owaz” we “Watan” radiokanallary işleýär.

Şol bir wagtda, media azatlygyna gözegçilik edýän halkara guramalary Türkmenistanyň media azatlygy boýunça dünýäniň iň ýaramaz ýurtlarynyň arasynda agzalýandygyny, şeýle-de döwlet mediasynyň berk sensuzra sezewar edilip, häkimiýet başyndaky režimiň bähbidine propoganda maksatly ulanylýandygyny belleýärler.

Bu aralykda, ýurduň içindäki synçylar “türkmen hökümetiniň esasy propoganda gurallary” diýip häsiýetlendiren tele we radio kanallarynyň maliýeleşdirilmegini kesmeginiň, bir tarapdan, garaşylmadyk ýagdaý bolandygyny, beýleki tarapdan-da, ýurduň agyr ykdysady kynçylyklary başdan geçirýändigi aýdylýan döwründe mejbury çäre bolandygyny hem aýdýarlar.

Türkmenistanyň telewideniýesiniň ozalky işgäri, aşgabatly publisist Amanmyrat Bugaýew prezidentiň Kararynda bellenilişi ýaly, döwletiň eýeçiligindäki tele we radio kanallarynyň hojalyk hasabyna geçip, öz-özlerini maliýeleşdirip biljekdiklerine şübheli garaýandygyny aýdýar.

“Türkmen telekanallarynyň öz-özüni maliýeleşdirmek, ýagny hojalyk hasabynda işlemäge ukyplary ýok. Adamlary gazet-žurnallara zor bilen hasaba ýazdyryp, bu ugurdaky döwlet býujetinden edilýän çykdajylaryň tas ählisi diýen ýaly ödelýär. Telekanallarda ýagdaý başgaça. Olaryň hyrydaram ýok, seredýänäm ýok” diýip, Amanmyrat Bugaýew pikirini jemledi.

Galyberse-de, Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeş bolýan türkmenistanlylar hem ýerli telekanallarda “bir mazmunly maglumatlaryň berilýändigini” aýdyp, olara asla tomaşa etmeýändiklerini gürrüň berýärler.

Ýeri gelende bellesek, türkmen prezidentiniň özi hem wagtal-wagtal türkmen telewideniýesiniň işine nägilelik bildirip, onuň mazmun taýdan kämilleşmelidigini tekrarlap gelýär. Emma prezidentiň aglaba bellikleri “ýurduň gazanýan üstünlikleri” diýilýänleriň waspyny güýçlendirmekden ybarat bolup durýar.

Sözümiziň ahyrynda ýatlatsak, türkmen hökümeti eýýäm birnäçe ýyldan bäri raýatlaryň satellit antennallaryny aýyrmak kampaniýasyny hem alyp barýarlar. Türkmen hökümeti bu işleri “şäheri abadanlaşdyrmak” bilen düşündirseler-de, halkara hukuk goraýjy toparlary muny adamlaryň garaşsyz habarlary edinmek mümkinçiliklerini çäklendirmek ugrundaky tagallalar diýip häsiýetlendirýärler.

XS
SM
MD
LG