Sepleriň elýeterliligi

Tillerson agdarylyşyk synanyşygyna garşy çykan türk halkyny magtady


Birleşen Ştatlaryň döwlet sekretary Reks Tillerson

Ukraina eden saparynyň yzýany Stambula gelen Birleşen Ştatlaryň döwlet sekretary Reks Tillerson, mundan bir ýyl ozal döwleti agdarmaga synanyşanlara garşy durup “öz demokratiýasyna eýe çykan” türk halkynyň edermenligini öwdi.

9-njy iýulda Stambulda nebit pudagy boýunça geçirilen konferensiýanyň açylyşynda çykyş eden Tillerson, 2016-njy ýylyň 15-nji iýulynda amala aşyrylan agdarylyşyk synanyşygyndan soňra Rejep Taýyp Erdoganyň baştutanlygyndaky türk hökümetiniň alyp baran tutha-tutlugy barada dil ýarmady.

“Şu ýerde biziň hemmämiz aýratyn möhüm waka şaýatlyk edýäris. Mundan takmynan bir ýyl ozal türk halky, aýal-erkek jem bolup edermenlik bilen, döwleti agdarmaga synanyşanlara garşy durup öz demokratiýasyna eýe çykdy”, diýip döwlet sekretary aýtdy.

Nebit pudagynda onýyllyklaryň dowamynda bitiren işleri üçin sylaglanan Exxon Mobiliň öňki başlygy Tillerson, “Men şu pursatdan peýdalanyp 2016-njy ýylyň 15-nji iýul wakasynda pida bolanlary hatyralap olaryň edermenliklerini hormatlaýaryn”, diýdi.

Prinsipsiz we hilegär harbylar topary tanklara, dikuçarlara we uçarlara münüp döwleti agdarmaga synanyşanlarynda Erdogan halky olara garşy çykmaga çagyryş edipdi we Erdoganyň çagyryşyna uýan müňlerçe türk köçä çykyp synanyşykçylara protest bildirensoň olaryň pälleri amala aşmady.

Şondan bäri raýat gullugyndan, polisiýadan, ýaragly güýçlerden we hususy pudakdan 100 müňdenem köp adam işden kowuldy. 40 müňe golaý adam türmä basyldy.

Käbir günbatar ýutlary türk hökümetiniň alyp barýan tutha-tutluklaryny ýazgaryp gelýär. Hukuk goraýjy toparlar “synanyşygyň” başgaça pikirlenýänleri basyp ýatyrmak üçin bahana hökmünde ulanylandygyny aýdýarlar.

Tillerson çykyş edýän wagty, Stambulyň köçelerinde ýüzmüňlerçe adam oppozisiýanyň guramagynda geçirilen ýörişe gatnaşýardy.

Tillerson Türkiýä gelen badyna kärdeşi Mewlut Çawuşogly bilen duşuşdy. Günüň dowamynda Erdogan bilen hem duşuşyk meýilleşdirilipdi. Ne Erdogan, ne-de Tillerson ýygnakdan öň habarçylaryň öňünde çykyş etdi.

Tillerson 10-njy iýulda prezident Ylham Alyýew bilen duşuşar. Soňra ol Kuweýte sapar edip ol ýerde aýlag ýurtlarynyň baştutanlary bilen duşuşyk geçirer.

Kiýewe eden saparynyň dowamynda 9-njy iýul güni irden eden çykyşynda Tillerson Russiýa barada, Ukrainadaky dartgynlylygy ýeňletmek üçin Kremliň ilkinji bolup ädim ätmelidigini, ýogsam Moskwa garşy girizlen sanksiýalaryň öz güýjünde galjakdygyny aýtdy.

Ukrainanyň prezidenti Petro Poroşenko Tillersonyň Kiýewe eden saparynyň Hamburgda geçirilen 20-ler Toparynyň sammitiniň edil yzýanyna gabat gelýändigini nazarda tutup, bu saparyň ABŞ-yň öz ýurduny goldaýandygynyň “güýçli alamatydygyny” aýtdy.

Gepleşiklerden soň Ukrain paýtagtynda bilelikde geçirilen metbugat ýygnagynda taraplar, çaknyşyklary soňlandyrmak üçin gol çekilen Minks ylalaşygynyň berjaý edilişini gazanmak maksady bilen Birleşen Ştatlaryň bellän ýörite wekili Kurt Wolkeriň Kiýewde birnäçe gün galjakdygyny mälim etdiler.

Tillerson iki ýyl mundan ozal gol çekilen Minsk ylalaşygynyň berjaý edilmeýändiginiň Birleşen Ştatlaryny gynandyrýandygyny aýtdy we günäniň esasy bölegini Russiýanyň boýnuna atdy.

Tillerson, “Gündogar Ukrainada ýagdaýlary gowşatmak üçin Russiýanyň ilkinji bolup ädim ätmegi zerur”, diýip belledi.

Ol, haçan-da ABŞ-yň prezidenti Donald Tramp bilen Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin Germaniýada geçirilen sammitiň çäginde 7-nji iýul güni duşuşanlarynda “Ukrainadan çekilmek üçin gol goýlan Minks ylalaşygynyň anyk we aňsat talaplaryny Russiýanyň ýerine ýetirmeýändigi barada mundan beýläk nähili çäreler görüljekdigini maslahatlaşandyklaryny” aýtdy.

Tillerson Ukrainadaky urşuň “Moskwada meýilleşdirilip oňa şol ýerde girişelendigini” aýtdy:

“Elbetde, biz Russiýa özüniň Minks ylalaşygynyň çägindeki borçnamalaryny sylamagyna we özleriniň dolulykda dolandyrýan seperatist güýçlerine täsir etmegine çagyryş edýäris. Biz ýene-de bir gezek Russiýa “gündogar Ukrainada dowam edýän zorlugy dessine bes ediň” diýip öz wekillerinden talap etmeklerine çagyryş edýäris”

Şeýle-de Tillerson, Ukrainanyň territorial bütewiligi täzeden gazanylýança Waşingtonyň Russiýa garşy girizen sanksiýalary ýatyrmajakdygyny ýene-de bir gezek tassyklady. Ol Ukrainanyň territorial bütweiliginiň we doly özygtyýarlylygynyň gazanylmagy “Birleşen Ştatlaryň deslapky maksady” diýip belledi.

Şol wagtlarda Tramp öz Twitter hasabyndan, “Putin bilen duşuşkda sanksiýalar agzalmady. Ukrainadaky we Siriýadaky meseleler çözülýänçä hiç zat edilmez”, diýip ýazdy

Tillerson Kiýewi “korrupsiýa garşy, şeýle hem ykdysady reformalary geçirmäge dowam etmäge-de” çagyrdy.

Gündogar Ukrainada 2014-nji ýylyň başlarynda Kiýew bilen seperatistleriň arasynda turan uruşda 10 müňdenem köp adam wepat boldy. Russiýa seperatistleri Syýasy, ykdysady we harby taýdan goldaýar.

Siziň pikiriňiz

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG