Sepleriň elýeterliligi

Aşgabatlylaryň tomusyň jöwzaly günleri maşgala bolup dynç almaga barýan salkyn saýaly Gökdere jülgesine barmaklyga gadagançylyk girizildi.

29-njy iýunda Türkmenistanyň prezidentiniň doglan güni mynasybetli Gökdere jülgesinde uly şowhun bilen “Gala” medeni dynç alyş merkeziniň açylşyndan soňra, Gökdere jülgesine dynç almaga barýan paýtagtlylaryň ol ýere goýberilmändigini aşgabatly ýaşaýjy 38 ýaşly işçi Sona aýdýar.

“Çagalary alyp, dynç günümizi salkyn jülgede geçirmekçi bolduk. Emma, jülgä golaýlanymyzda biziň awtoulagymyzy polisiýanyň ýol gözegçilik gullugynyň işgärleri saklap, yzymyza gaýtmagmyzy talap etdiler” diýip, Sona gürrüň berdi.

“Biz sebäbini soranymyzda ’jülge ýapyk, ol ýere diňe dynç alyş öýlerinde dynç alýan çagalar we dynç alyş öýlerinde işlemeli işgärler goýberilýärler. Eger-de dynç alyş öýünde çagaňyz bar bolsa, onda oňa kepilnama gerek, şol ýagdaýda siz öz çagaňyzy görmek üçin, jülgä girip bilersiňiz, bolmasa-da duran ýeriňizden yzyňyza öwrülmeli bolarsyňyz’ diýip, ýol gözegçilik gullugynyň işgärleri düşündiriş berdiler” diýip, Sona sözüni dowam edýär.

Gepiň gerdişine görä ýatlatsak, mundan owal paýtagty alkymlap duran Gurtly kölüne barmaklyk gadagan edildi; şeýle-de Arçabil (ozalky ady Pöwrize) adaty adamlaryň barmagyna gadagan edildi.

Sözümiziň ahyrynda bellesek, türkmenistanlylaryň dynç alyş sebitlerine barmagyna girizilen gadagançylyklar barada degişli şäher resmilerinden hiç hili düşündiriş almak başartmady; bu barada ýerli mediada hem kelam agyz söz aýdylmady.

Siziň pikiriňiz

Teswirleri görkez

Degişli makalalar

XS
SM
MD
LG