Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Reşit Meredow Özbegistana sapar edýär


Türkmenistanyň daşary işler ministri Reşit Meredow
Türkmenistanyň daşary işler ministri Reşit Meredow

Türkmenistanyň daşary işler ministri Reşit Meredow 11-12-nji iýulda Özbegistana sapar eder, diýip Özbegistanyň Daşary işler ministrligi habar berýär.

Resmi maglumata görä, Reşit Meredow Özbegistanyň prezidenti Şawkat Mirziýaýew tarapyndan kabul ediler. “Hökümetdäki we Daşary işler ministrligindäki duşuşyklar we gepleşikler türkmen delegasiýasynyň programmasyna girýär” diýlip, maglumatda bellenýär.

Türkmenistanyň we Özbegistanyň arasynda syýasy we diplomatik gatnaşyklar soňky aýlarda aktiwleşdi. Dekabrda Özbegistanyň prezidenti saýlanan Şawkat Mirziýaýew döwlet baştutany wezipesindäki ilkinji saparyny Türkmenistana amala aşyrdy. Mart aýyndan bäri özbek prezidenti Türkmenistana iki gezek sapar etdi.

Türkmenistanyň prezidenti G.Berdimuhamedow Özbegistany iri halkara proýektlerine, şol sanda TOPH gazgeçiriji proýektine we Hazar deňzindäki uglewodorod ýataklaryny özleşdirmek işine gatnaşmaga çagyrdy.

2-7-nji iýulda Aşgabatda Türkmenistanyň we Özbegistanyň resmileri iki ýurduň umumy döwlet serhedini kesgitlemek meselesini martdan bäri dördünji gezek maslahat etdiler.

XS
SM
MD
LG