Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistan we Özbegistan özara serhedini kesgitlemek meselesini ýene maslahatlaşdy


Türkmen-özbek serhedi
Türkmen-özbek serhedi

Türkmenistanyň we Özbegistanyň özara serhedini kesgitlemek meselesi maslahat edildi.

Türkmenistanyň we Özbegistanyň özara döwlet serhedini kesgitlemek boýunça bilelikdäki hökümetara komissiýasynyň 2-7-nji iýulda Aşgabatda geçirilen nobatdaky maslahatynda protokola gol çekildi.

Resmi maglumata görä, iki ýurduň döwlet serhedini kanun taýdan kesgitlemek boýunça gepleşikler Özbegistanyň prezidenti Şawkat Mirziýaýewiň 6-7-nji martda Türkmenistana eden saparynyň yzýany başlandy.

Şondan bäri Türkmenistanyň we Özbegistanyň özara döwlet serhedini kesgitlemek boýunça bilelikdäki hökümetara komissiýasynyň maslahaty dördünji gezek geçirilýär.

Media maglumataryna görä, Türkmenistanyň we Özbegistanyň arasynda döwlet serhetlerini kesgitlemek boýunça gepleşikler 27-30-njy mart aralygynda Türkmenabat şäherinde, Daşkentde aprel aýynyň başynda şeýle-de 1-5 maý aralygynda geçirildi.

Türkmenistanyň we Özbegistanyň uzynlygy 1621 kilometrlik umumy serhedi bar.

Iki ýurduň serhetýaka regionlarynyň ýaşaýjylary üçin göz öňünde tutulan ýeňillikli syýahat mümkinçilikleri 2013-nji ýylyň güýzünde ýatyrylypdy. Serhetýaka regionlaryň ýaşaýjylarynyň goňşy ýurda her aýda üç gün möhlet bilen wizasyz baryp gaýtmak mümkinçiliginiň şu ýylyň 25-nji ýanwarynda gysga wagtlyk gaýtadan dikeldilendigi habar berilipdi.

XS
SM
MD
LG