Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ölçeýjiler oturdylmasa, gerekli dokumentler berilmeýär


"Ölçeýjini oturdyp, hasaba aldyrdyp gel, soňra näme dokument gerek bolsa berler".
"Ölçeýjini oturdyp, hasaba aldyrdyp gel, soňra näme dokument gerek bolsa berler".

Aşgabatda Öý uprawleniýeleri, raýatyň suw we gaz ölçeýji abzallaryny oturdandygy barada güwänamany hödürleýänçä, soralyp gelen, şol sanda maşgala ýagdaýy, ýaşaýyş ýeri hakyndaky dokumentleri bermeýärler.

“Aşgabatda Öý uprawleniýelerinde ‘Aşgabatagyzsuw’ edarasynyň bir wekilini goýupdyrlar. Gerekli güwänamanyň berilmegini soramazdan öňürti, şol wekiliň ýanyna baryp, suw ölçeýjini oturdyp-oturtmandygyňy barlatmaly” diýip, paýtagtly 30 ýaşlaryndaky Nepes (ady üýtgedilen – red.) Azatlyk Radiosynyň ýerli çeşmelerine gürrüň berdi.

Nepes eger-de suw ölçeýji oturdylmadyk bolsa, onda sorap gelen islendik dokumentiniň hem berilmeýändigini aýtdy.

“Şol [‘Aşgabatagyzsuw’ edarasynyň] wekili ‘ölçeýjini oturdyp, hasaba aldyrdyp gel, soňra näme dokument gerek bolsa berler’ diýip, yzyňa ugradyp otyr” diýip, Nepes sözüne goşdy.

Ol 135 manada durýan suw ölçeýjileri öz hasaplaryna satyn alyp, ony hem ‘Aşgabatagyzsuw’ edarasynyň işgärlerine 50 manat berip, oturtmaly bolýandyklaryny-da aýtdy.

Ýeri gelende bellesek, geçen aýyň ahyrynda prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň suwuň, toguň, gazyň ýeňillikli, ýagny mugt berilmegini ýatyrmak baradaky teklipleri gysga wagtda taýýarlamagy tabşyrmagynyň yz ýany ýurduň dürli künjeklerinde ölçeýjileri oturmak talaplary güýçlendi, hatda – ýokarda hem belläp geçişimiz ýaly – muny etmedikler dürli päsgelçilikere duçar edilip başlandy.

Mysal üçin, Daşogzuň käbir döwlet edaralarynyň işgärleriniň öz öýlerinde suw ölçeýji abzallary ornaşdyrandygy barada ýörite güwänama hödürlemeseler, olaryň kanuny dynç alyşa goýberilmeýändigi barada maglumatlar peýda boldy.

Mundanam başga, Aşgabadyň ýaşaýyş jaýlarynyň girelgelerinde, Jaý ulanyş müdirlikleriniň we “Aşgabatagyzsuw” birleşiginiň edaralarynyň öňlerinde – “Hormatly prezidentiň öňde goýan wezipelerini berjaý etmek maksady bilen” diýen düşündirişe salgylanyp – toguň, gazyň we suwuň ulanyşyny hasaba aljak ölçeýji abzallaryň oturdylmagynyň zerurdygy dogrusynda bildirişler hem asyldy.

Şol bildirişlerde ölçeýji abzallary ýaşaýjylaryň öz hasabyna alyp, “Aşgabatagyzsuw” edarasynyň laboratoriýasynda möhürledip, soňra-da öz jaýynda oturtmalydyklary bellenilip geçilýärdi.

Azatlyk Radiosynyň ozal-da habar berşi ýaly, ölçeýjileri oturtmak işleri eýýäm ençeme aýdan bäri dowam edýär. Balkanyň merkezi Balkanabat şäherinde, döwletden aýlyk alýan işgärlerden degişli ölçeýjileri oturdandygy barada, güwänamany tabşyrmak görkezmeleri mundan iki aý töweregi öň talap edilip başlanypdy.

Türkmenistanda suwuň, toguň, gazyň belli bir möçberde mugt berilmegi 1993-njy ýylda, ilaty sosial taýdan goldamak maksady bilen 10 ýyllyk möhlete girizildi we soňra munuň 2030-njy ýyla çenli saklanyljakdygy aýdyldy.

Emma häkimiýete G.Berdimuhamedowyň geçmegi bilen bu hyzmatlara çäklendirmeler girizilip başlandy. 2015-nji ýylyň 1-nji fewralyndan güýje giren karara görä, jaýda ýazga duran her adama bir gije-gündizde 250 litr suw mugtuna berilýär, ondan artyk ulanylan suw üçin töleg talap edilýär.

Şeýle-de, jaýda ýazga duran her adama bir aýda 35 kilowat elektrik energiýasy mugt berilýär. Jaýa ýazga duran adamlaryň sany ikiden geçmeýän bolsa, onda olaryň her biri üçin, her aýda 45 kilowat elektrik togy mugt berlip, ondan artyk ulanylan tok üçin töleg soralýar.

Türkmen režimi bu ýeňillikleri dowamly alkyşlap, hatda prezidentiň özi-de bulary adam hukuklaryna goýulýan hormatyň “ajaýyp nusgasy” diýip, häsiýetlendiripdi.

Şol bir wagtda, eýýäm birnäçe ýyldan bäri hökümet we Ýaşulular maslahatlarynyň dowamynda, bu ýeňillikleriň “netijesizligi” barada barha köp gürrüň edilip başlandy.

Galyberse-de, resmi Aşgabat ýeňillikli hyzmatlaryň haçan doly ýatyryljakdygy, şeýle-de, munuň gazyň bahasynyň gaçmagy zerarly agyr ykdysady krizisi başdan geçirýändigi aýdylýan Türkmenistanyň raýatlaryna nähili täsir ýetijekdigi dogrusynda hiç hili maglumat bermeýär.

XS
SM
MD
LG