Sepleriň elýeterliligi

Prezidentiň käýinjinden soň manadyň konwertasiýasy çäklendirildi


Aşgabat, bank öňündäki nobat

Geçen hepde banklaryň başlyklaryna käýinç berlenden soň, banklar şu hepdäniň başynda manady amerikan dollaryna konwertasiýa etmekde ýene bir çäklendirme girizdiler diýip, Azatlygyň türkmen telekeçileriniň içindäki ynamdar çeşmesi habar berdi.

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 7-nji iýulda bank ýolbaşçylarynyň “işlerinde düýpli kemçilik goýberendiklerini” aýtdy we maliýe ministrini wezipesinden boşatdy.

Mundanam başga, prezidentiň karary bilen Türkmenistanyň “Prezidentbank” döwlet täjirçilik banky Türkmenistanyň “Halkbank” döwlet täjirçilik bankyna birleşdirildi.

Azatlygyň çeşmesi bu käýinçlerden soň banklaryň indi konwertasiýa üçin resmi taýdan manat kabul etmeýändiklerini aýdýar. Onuň düşündirişine görä, mundan öň aýlygyň hakynda sprawka getirip, salgytlary töländigiň, pensiýa fonduna geçirmeli puluňy geçirendigiň barada dokument görkezseň, manady dollara öwürdip bolýan eken.

Mysal üçin, häzir Daşary ykdysady aragatnaşyklar bankynda aýlyklaryny bank kartynda alýan müşderileri, onuň ýerli plastiki karty barmy ýa ýok diýmän, konwertasiýa üçin aýlygyny alýan bankyna, ýagny onuň iş beriji edarasyna hyzmat edýän banka iberýärler. Şol bir wagtda-da olar müşderiniň ol bankda hasaby barmy ýa ýok, munuň bilen asla gyzyklanmaýarlar.

Şundan soň, çeşmäniň maglumatyna görä, has-da täsin zatlar başlanýar, ýagny müşderiniň iş berijisine hyzmat edýänbank ondan, konwertasiýa etmezden öň, özünde plastiki kart açmagy talap edýär. Özem bu diňe konwertasiýa üçin hem däl, eýsem ilki aýlygyňy almak üçin-de zerur we kartyň açylmagy azyndan 20 gün wagt alýar.

Ýöne muňa garamazdan, Azatlygyň telekeçileriň arasyndaky çeşmesiniň tassyklamagyna görä, bank işgärlerine öz ýakyn garyndaşlaryndan konwertasiýa üçin manat kabul etmäge şindem rugsat berýärler.

Daşary ykdysady aragatnaşyklar bankyndaky çeşmäniň düşündirmegine görä, indiden eýläk islendik bank konwertasiýany öz walýuta ätiýaçlyklarynyň hasabyna etmäge borçly edidi. Mundan öň konwertasiýa esasan Daşary ykdysady aragatnaşyklar bankyndaky we Merkezi bankdaky walýuta ätiýaçlyklary esasynda edilýärdi diýip, ýagdaýdan habarly adamlar gürrüň berdi.

Azatlyk radiosy bilen adynyň aýdylmazlygy şertinde gürleşen telekeçileriň tassyklamagyna görä, banklar Merkezi banka walýutanyň azalýandygyny aýtmak islemeýärler we her edip, hesip edip, mümkin bolan bahana esasynda konwertasiýa etmezlige çalyşýarlar.

Ýagdaýy gözi bilen görenler adamlaryň ir sagat 7-de banka gelip, nobata durýandyklaryny, emma banklaryň günde gowy bolanda 15 adama hyzmat edýändigini gürrüň berýärler. Banklaryň käbir şahamçalarynda bolsa, diňe 5 adamyň manady konwertasiýa edilýär, ýöne pul çykarsaň, meseläňi çözüp bolýar diýip, Azatlygyň çeşmesi aýtdy.

Mundanam başga, häzir eger-de müşderiniň iki sany VISA karty bolsa, ýagny biri walýuta, beýlekisi manat üçin, banklarda konwertasiýany diňe manatdaky VISA kartyna edýärler, bu ýagdaýda pul manatda saklanýar we degişlilikde dollaryň resmi kursy üýtgän halatynda walýutadaky pul möçberiniň balansy hem üýtgeýär diýip, telekeçileriň arasyndaky çeşme Azatlyk radiosyna aýtdy.

Şeýle-de olAziadandan soň Merkezi bank dollaryň resmi kursuny 5 manada çenli galdyrsa gerek diýip gürrüň edilýändigini sözüne goşdy.

Türkmenistanda dollaryň resmi döwlet kursy 3,50 manat belgisinde saklanylýar, “gara bazar” kursy bolsa 7 manat töwereginde bökjekleýär.

Synçylar Türkmenistanyň gazdan gelýän girdejileriniň azalmagy, uly gurluşyklara, şol sanda Aziada-2017 üçin gurlan desgalara harçlanan milliardlarça dollar zerarly walýuta ýetmezçiligine uçrandygyny aýdýarlar.

Ýurtdaky walýuta ýetmezçiligi we bu ugurdaky çäklendirmeler banklarda ozalam bar diýilýän korrupsiýanyň has hem çuňlaşmagyna alyp geldi.Bu ýagdaýy golaýda, Ykdysady jenaýatlara garşy göreş baradaky döwlet gullugynyň derňewiniň netijeleri aýan edilende, resmi taýdan boýun alyndy.

Bu gullugyň başlygy Mämmethan Çakyýewiň hasabatyndan görnüşi ýaly, ozal jogapkär wezipelerde işlän bank resmileriniň onlarçasy tussag edildi we ýerli synçylar bu hili tutda-baslyklaryň we emläk konfiskasiýalarynyň gelýän aýlarda hem azalmajagyny çaklaýarlar.

Siziň pikiriňiz

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG