Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

"Olimpiýada gatnaşmak üçin hem para bermelimi?"


 Tagtabazar. Türgenleşýän oglanlar
Tagtabazar. Türgenleşýän oglanlar

iñ bir paranyñ bolmajak ýaly görünýän ýeri bolan geçiriljek olimpiýada gatnaşmak üçin hem para bermeli eken.

şu gün obamyzdan bir türkmen göreşi boýunça öz agramynda Türkmenistanyñ birnäçe gezek çempiony bolan oglan bilen gürleşemde...-5000 manat puly öz ýerli spert edarasynyñ işgärine bermeseñ gatnaşdyrmajagyny. mundan başgada Aşgabada baransoñ hem ýaryş üçin ähli çykdajylary özüñ çekmeli diýipdirler.

ýene birzat hut meniñ öz agam hem sportuñ söweş sambasy ugry boýunça öz hasabyna trnowka zalyna gatnaşyp özünden kän agyr ýaryşlarda çempion bolan oglanlardan üstün gelip bildi.ol hem şol gürrüñleri öñüräk eşidip sporta bolan gyzyklanmasyny azaltdy.

ýogsam şol höwesli we ukyply türgenleri kynçylyksyz barlagdan geçirip ýaryşa hakyky ukyplylaryny ýüze çykarmak işlerini has gowlandyrsalar belkem ýaryşlarda gowy netije bererdi.

men hem 4 ýyl bäri ýokary okuw jaýyna öz bilimimiñ güýjüne girmek üçin synanşýan. nesip bolsa şu ýylam 5nji gezek synanşmakçy we eger öñkileri ýaly para üçin bolgusyz bahana tapyp giriş synagyndan ýyksalar... ähli ýokary häkimet edaralaryna hat-da Prezidente hem ýazmaça arz etmekçi. mende olaryñ para üçin edýän bikanun hereketlerini doly paş eder ýaly maglumatlar bar. geçen 4 ýylda toplan tejribelerme daýanyp, olary paş ederin. bu etmekçi bolýan işim bütin ýurdumyz boýunça parahorlyga garşy nähili göreş alnyp barylýanyny hemmelere äşgär eder.

bu ýylky ýokary okuwa dokument alynşygyñ gidişi hakda azyrak aýdaýyn.

Daşoguz şäherinde metkomissiýalarda öñkiler ýaly kiçiräk parajagazlar ýok diýseñem boljak. graždan eşikli barlagda duran adamlar bar.

ýöne Magtymguly ad.TDU-a dokumen kabul edilşikde käbir mekiçilik edilýär. sebäbi şonuñ hukuk fakulteine dalaşgäriñ 4arkasy kagyz we elektron formaty üçin disge çykardylan görnüşde berilmegi her ýyl talap edilýär.

şonda her ýylky nusgasyny özleriçe çalarak üýtgeden bolup, şol diski we kagyzlary kabul edijiler bellibir komýutede dokumen taýynlaýjyny gepleşip diñe şonuñ çykaran taýynlan dörtarkasy bolýar diýip şol hyzmat ediş ofisiniñ salgysyny berýär.ol bolsa on onki sanyjak kagyzy we birje sdi disk üçin 20 manat pula taýynlaýar.

ýogsam şol işi başga ýerlerde 8 ýada 10manada taýynladyp bolýar.men onuñ gymmatdygyny aýdyp mende ozalky diskim bar diñe şu ýylky 2017 diýen ýerini üýtgedäýmeli bir birden ýazyp oturmak gerekdäl arzanrak bolanokmy diýip komýuterde dakument taýarlaýan, mekdepde dakumenti kabul edýänleriñ salgy beren adresindaki oglandan haýyşt edemde men aýdylan bahadan edýän diñe men alamok diýdi.

garaz ol her bir hukuga dalaşgärden bellibir peýda görmek üçin dilleşýän eken.bolýar sag bolun.

Redaksiýadan: Okyjynyň haty bolşy ýaly çap edilýär. Onda aýdylanlar Azatlyk Radiosynyň resmi pozisiýasyny şöhlelendirmeýär.

XS
SM
MD
LG