Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Özbegistanyň ýedi raýaty Orsýetde ýangynda wepat boldy


Özbegistanyň ýedi raýaty ýangynda wepat boldy, Kolpino, Orsýetň Sankt Peterburg regiony, 13-nji iýul, 2017.
Özbegistanyň ýedi raýaty ýangynda wepat boldy, Kolpino, Orsýetň Sankt Peterburg regiony, 13-nji iýul, 2017.

Özbegistanyň resmileri 13-nji iýulda Orsýetiň demirgazyk-günbatarynda bolan ýangynda wepat bolan ýedi adamyň özbegistanly bolandygyny tassykladylar.

Özbegistanyň Içeri işler ministrliginiň 14-nji iýulda ýaýradan beýannamasynda pidalaryň ählisiniň Horezm regionyndan bolan 19 we 50 ýaş aralygyndaky erkek adamlardygyny tassyklandy.

Orsýetiň Leningrad atly senagat kärhanasynda ýangyn 13-nji iýulda irden döredi.

Migrant işçiler şol binada ýaşadylar, diýip regional resmiler aýdýarlar.

Orsýetiň Derňew komitetiniň Sankt Peterburg boýunça bölüminiň 13-nji iýulda aýtmagyna görä, ýangyny derňemek üçin iş gozgalypdyr.

XS
SM
MD
LG