Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistanda internetdäki wideolar ‘petiklenýär’


Internet ulanyjysy
Internet ulanyjysy

Türkmenistanda internet ulanyjylar websaýtlarda we sosial ulgamlarynda ýerleşdirilen wideo we surat mazmunly maglumatlary görmekde kynçylyk çekip başladylar.

“Türkmenistanyň Alternatiw Habarlary” neşiri Türkmenistanda şu aýyň başyndan bäri “Odnoklasiniki” sosial ulgamynda ýerleşdirilen ähli wideo ýazgylaryň açylmaýandygyndan maglumat berýär. Neşir iýula çenli ulanyjylaryň 256 kb/s tarif plany bilen multimedia faýyllaryny açmakda häzirki kynçylyklaryny başdan geçirmändiklerini hem belläp geçýär.

Azatlyk Radiosynyň ýerli çeşmeleri-de bu maglumaty tassyklap, häzir multimedia faýyllary bilen bagly bökdençlikleriň ähli sosial ulgamlarda ýüze çykyp başlandygyny aýdýarlar.

Hem Azatlyk Radiosynyň çeşmeleri, hem-de “Türkmenistanyň Alternatiw Habarlary” bu ýagdaýlara “Türkmentelekom” internet prowaýderiniň internetiň tizligini ýörite matlap bilen çäklendirýändiginiň sebäp bolýandygyny öňe sürýärler.

Azatlyk Radiosy internetde multimedia faýyllarynyň açylmaýandygy we onuň sebäpleri barada “Türkmentelekom” we Aragatnaşyk ministrligi bilen habarlaşanda, degişli resmiler nähilidir bir kommentariýa bermekden saklandylar.

Şol bir wagtda, “Türkmenistanyň Alternatiw Habarlary” öz çeşmeleriniň ýurduň Aragatnaşyk ministrliginiň Arza-şikaýat bölümine ýüz tutanlarynda, degişli resmileriň “Girmeli däl saýtlara girýändigiňiz üçin, [multimedia faýyllary] açylmazam” diýip, jogap berendiklerini ýazýar.

Gepiň gerdişine görä ýatlatsak, Türkmenistan media azatlygy boýunça halkara hasabatlarynda ýyldan-ýyla iň soňky orunlarda ýerleşdirilip, prezident Gurbanguly Berdimuhamedow-da “Serhetsiz reportýorlar” guramasy tarapyndan “Internetiň ganym duşmany” diýlip atlandyryldy.

Türkmenistanda garaşsyz habar beriş, şol sanda Azatlyk Radiosynyň websaýty; “Facebook”, “Vkontakte”, “Whatsapp” ýaly sosial ulgamlar-da petikli bolmagyna galýar.

Şol bir wagtda, türkmen resmileri Türkmenistanda informasion internet saýtlarynyň petiklenýändigi baradaky maglumaty ret edip, diňe pornografiýa maksatly saýtlara girişleriň ýapylýandygyny öňe sürýärler.

XS
SM
MD
LG