Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Eýran liderleri ABŞ-da ýogalan meşhur matematigiň ýasyna goşuldy


Marýam Mirzahani
Marýam Mirzahani

Stanford uniwersitetiniň eýran asylly professory we matematika boýunça iň sylagly halkara baýragynyň ýeke-täk zenan laureaty bolan Marýam Mirzahaniniň ölümine ýas tutýanlaryň arasynda eýran liderleri hem boldy.

Eýranyň prezidenti Hassan Rohani we daşary işler ministri Mohammad Javad Zarif 15-nji iýulda bir gün ozal 40 ýaşynda, düwnük keseli bilen uzaga çeken darkaşdan soň aradan çykan Mirzahaniniň tarypyny etdi.

Ol ABŞ-nyň aýdylmaýan bir hassahanasynda, süňk ýiligine ýaýran düwnük keseli bilen dört ýyl tutluşanyndan soň aradan çykdy diýip, eýran metbugaty ýazdy.

Mirzahani 2014-nji ýylda Fields medalyna mynasyp boldy, bu matematikleriň Nobel baýragyna deňeçer sylagy bolup, her dört ýyldan bir gezek Halkara matematikler kongresi tarapyndan berilýän baýrakdyr.

Bu medal 40 ýaşan ýa ondan ýaş, matematika uly goşant goşan adamlara berilýär.Ol bu baýraga “geometiriýa we dinamiki sistemalara goşan aýdyň we ýokary derejedäki original goşantlary üçin mynasyp boldy”.

Rohani beýanat çap edip, Mirzahaniniň “gamgyn ölümi” “uly gynanja” sebäp boldy diýdi.

Eýran mediasynyň maglumatyna görä, Rohani bu “dörediji alymyň we küçügöwün ynsanyň deňsiz-taýsyz zehininiň dünýäniň ylmy forumlarynda Eýranyň adyny ýaňlandyrandygyny” belledi.

Zarif instagramda onuň ölüminiň ähli eýranlyda gynanç döredendigini ýazdy.

Dosty we NASA-nyň Gün sistemalaryny öwrenýän bölüminiň ozalky direktory Firouz Naderi onuň ölümini yglan edip, “Şu gün çyrag öçdi. Bu meniň ýüregimi ýakýar... gaty tiz gitdi” diýdi.

"Genimidi? Hawa. Ýöne hem gyzdy, hem enedi, hem aýaldy” diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.

Stanford uniwersitetiniň prezidenti Mark Tessier-Lavigne Mirzahaniniň täsiri “onuň matematika we ylma baş goşmaga höweslendiren müňlerçe zenanynda ýaşar” diýdi.

Eýran mediasy hem 16-njy iýulda Mirzahaniniň hatyrasyny tutdy we käbir neşirler onuň başörtgüsiz suratyny çap edip, yslam respublikasyna 1979-njy ýylyň rewolýusiýasyndan bäri jemgytçilige çykýan aýallar üçin hökmany bolan däbi hem bozdy.

Tähran munisipalitetiniň eýeçiligindäki merkezçi gazet “Hamshahri” we ykdysady reformaçy gazet “Donyaye Eghtesad” Mirzahaniniň hijapsyz suratyny çap etdi.

Reformaçy“Shargh” gazeti Mirzahaniniňşlýapaly suratyny çap etse, käbir neşirler onuň keltejik saçlarynyň garaňky fonda öçügsileşdirilen suratlaryny çap etdiler.

Beýleki gazetler onuň köne fotosuratlaryny ýa-da Mirzahanini başörtüli görnüşde şekillendiren suratlary ulandylar.

Diňe aşa konserwatiw gazetler bolan “Resalat” we“Keyhan” 16-njy iýul sanlarynda birinji sahypalarynda Mirzahaniniň suratyny çap etmedi we ol hakynda içki sahypada, başy hijaply suratyny ulanyp, makala ýerleşdirdi.

Haçanda Mirzahani 2014-nji ýylda Fields medalyna mynasyp bolanda, eýran gazetleri onuň saçlaryny görkezmezlik üçin, Eýrandaky köne suratlaryny çap edip ýa onuň başörtüli suratyny çekip, gör, nämeleri etmändiler.

Mirzahani Tähranda, 1977-nji ýylda doguldy we ýokary mekdepde okuwa başlanda matematika aşyk boldy.

Ol ýetginjek ýyllarynda, 1994-nji we1995-nji ýyllarda Halkara matematika olimpiýadalarynyň ikisinde-de altyn medal gazandy,1995-nji ýyldaky çäräni kämil hasap bilen jemledi. Ol bu baýragy utan ilkinji eýranly boldy.

Ol matematikany Eýranyň Şarif uniwerstetinde öwrendi we 2004-nji ýylda Harwardda alymlyk derejesini (PhD) gazandy.

Ol 2008-nji ýylda Kaliforniýadaky Stanforda geçmezinden öň Princeton uniwersitetinde sapak berdi.

Mirzahaniniň yzynda adamsy Jan Vondrak, gyzy Anahita galdy. Eýran döwlet mediasynyň ýazmagyna görä, onuň ene-atasy hepde başynda öz gyzlarynyň ýanynda bolmak üçin ABŞ-a gitdi.

XS
SM
MD
LG