Sepleriň elýeterliligi

Polşada birnäçe ýüz adam sud sistemasyndaky özgerişlere protest bildirdi


Prezident Andrzej Duda çykyş edýär.

Polşanyň senaty iki sany kanun taslamasyny kabul edeninden soň, Warşawanyň köçelerine birnäçe ýüz protestçi sud sistemasyndaky özgerişliklere garşy proteste çykdy.

Oppozisiýa dolandyryjy konserwatiw partiýa bu kanun özgerişlikleri netijesinde häkimiýet şahalarynyň özbaşdaklygyny gowşatmaga synanýar diýýär.

Protestçiler 15-nji iýulda “Azatlyk! Deňlik! Arkadaşlyk!" diýen şygarlara gygyryp, prezident köşgüniň daş işiginde toplandylar we prezident Andrzej Dudany bu kanun taslamasyna weto goýmaga çagyrdylar.

“The Gazeta Wyborcza” neşiri bu demonstrasiýanyň çep ganat oppozisiýa partiýalarywe raýat komitetleri tarapyndan gurnalandygyny aýtdy.

Prezidentiň tassyklap gol çekmegine garaşýan birinji kanun taslamasy häzir sag ganat Kanun we adalat partiýasynyň köplügindäki parlamentiň Suduň milli geňeşiniň agzalaryny saýlamagyny göz öňünde tutýar, bu geňeşiň wezipesi sudlaryň garaşsyzlygyny goramakdan ybarat.

Ikinji kanun taslamasy adalat ministrine Ýokary suduň sudýalaryny hödürlemek ygtyýarlygyny berýär.

Şeýle-de bu kanun Ýokary suduň häzirki sudýalarynyň, adalar ministri galmaly diýip hasaplamasa, dynç alşa çykmaga mejbur edilmegini nazarda tutýar.

XS
SM
MD
LG