Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistan: “Uzynada” gaz ýatagyny özleşdirýär


Illýustrasiýa suraty
Illýustrasiýa suraty

Türkmenistanyň geologiýa kartasynda “Uzynada” atly täze gaz ýatagy peýda boldy diýip, “Neýtralnaýa Türkmenistan” gazeti habar berýär.

Aýdylmagyna görä, häzirki wagt bu gaz ýatagynda ýene-de iki sany buraw guýusy gazylýar, şeýle-de ýollaryň, inženerçilik, aragatnaşyk, önümçilik we tehniki desgalaryň gurluşygy dowam edýär.

Bu gaz ýatagy deňiz derejesinden tas 200 metr ýokarda ýerleşýän Gyzylgum çöketligine degişli bolup, bu ýerde hytaý kompaniýasynyň buraw desgalary çuň gazuw işlerini amala aşyrýar.

“Neýtralnaýa Türkmenistan” gazetiniň habarynda täze gaz ýatagy arkaly bir gije-gündiziň dowamynda 500 müň kubmetr tebigy gazyň we 150 tonna gaz kondensatynyň öndürilmegine garaşylýandygy aýdylýar.

Türkmenistanyň hökümeti ýurduň tebigy gaz baýlygynyň 27 trillion kubmetre barabardygyny mälim edip, ony 2030-njy ýyla çenli gaz önümçiliginiň 230 milliard kubmetre ýetirmegi planlaşdyrýandygyny yglan etdi.

Häzirki wagtda, Türkmenistan tebigy gaz baýlygy taýdan dünýäde ilkinji orunlaryň birini eýeleýänem bolsa, ony eksport etmekde diňe bir alyja, ýagny Hytaýa garaşly bolmagynda galýar.

XS
SM
MD
LG