Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aşgabat-Stambul aralygynda biletler ‘tapdyrmaýar’


“Türkmenhowaýollary” gullugynyň uçary.
“Türkmenhowaýollary” gullugynyň uçary.

Bu günlerde “Türkmenhowaýollary” gullugynyň kassalaryndan, Aşgabat-Stambul aralygyndaky uçar biletlerini satyn almakda kynçylyklar ýüze çykdy.

Ýerli ýaşaýjylaryň we Azatlyk Radiosynyň çeşmeleriniň tassyklamagyna görä, awiabiletleriň satylýan nokatlarynda eýýäm ençeme aýdan bäri Stambula çenli biletler tapdyrmaýar.

“Biletleriň ýetmezçiligi maý aýynda, tomus möwsüminiň başlanmagy bilen ýüze çykdy. Şol pursat eýýäm maý we iýun aýy üçin biletleriň ýokdugyny aýtdylar” diýip, Türkiýeden haryt getirip satýan, 40 ýaşlaryndaky Ejegül daýza gürrüň berdi.

Ejegül daýa bu ýagdaýlaryň fonunda Aşgabat-Stambul ugry boýunça ozal günde bir reýsiň ýerine iki uçuşyň ýola goýlandygyny, emma munuň netijesinde hem bilet ýetmezçiliginiň aradan aýrylmandygyny aýdýar.

“Ilki-ilkiler 200 manat para berseň, bilet tapyp berýärdiler. Häzir üstüne pul berseňem, hiç kim güwä geçip bilmeýär” diýip, Ejegül daýza Azatlyk Radiosynyň ýerli çeşmeleriniň birine gürrüň berdi.

Şol bir wagtda, awiabilet kassalarynyň biriniň işgäri, atlandyrylmasyzlyk şerti bilen Stambul aralygyndaky biletleriň ilkinji nobatda, dollarda hasaplaşyk geçirýändikleri üçin, daşary ýurtly raýatlara satylmaly edilendigini gürrüň berdi.

Bu aralykda, ýokarda beýan edilen maglumatlar dogursynda “Türkmenhowaýollary” gullugyndan nähilidir bir kommentariý almak başartmady. Şeýle-de, degişli türkmen wekilleri Aşgabat-Stambul aralygyndaky biletleriň ilkinji nobatda daşary ýurtlulara satylmaly edilendigi, şeýle-de ýerli raýatlaryň para berip biletleri satyn almaly bolýandyklary baradaky maglumatlary ne ret etdiler, ne-de tassykladylar.

Galyberse-de, Aşgabat-Stambul aralygyndaky uçuşara bilet ýetmezçligi Türkmenistanyň dürli künjeklerinden Aşgabadyň awiabilet kassasyna gelen raýatlaryň yzlaryna – öz ýaşaýan sebitindäki kassalara ugradylyp başlanan pursadyna gabat geldi.

Adynyň efirde tutulmazlygyny sorap, Azatlyk Radiosy bilen gürrüňdeş bolan raýatlar “Türkmenhowaýollary” gullugynyň Aşgabatdaky bilet kassasyndan Stambula bilet almaga synanyşanlarynda, özlerine bilet satmakdan ýüz öwrendiklerini gürrüň berdiler.

Aşgabatdaky bilet kassasynyň işgärleri olara Stambula biletleri öz welaýatlaryndaky kassalardan almalydygyny aýdypdyrlar, emma ol ýerde ýaşaýanlara bilet satylmaýandygy barasynda, başga hiç hili düşündiriş bermändirler.

Bu ýagdaýlaryň fonunda aprel aýynyň aýagynda Türkmenistanyň prezidenti “Türkmenhowaýollarynyň” başlygyna “berk käýinç” yglan edipdi.

Türkmen mediasy bu käýinjiň “gulluk borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmändigi, şahsy düzgün-nyzamy hem-de garamagyndaky edara-kärhanalarda tertip-düzgüniň berjaý edilişine gözegçiligi gowşadandygy üçin berlendigini” aýdylsa-da, jikme-jikler barada maglumat bermedi.

Ozal döwlet eýeçiliginde bolan “Türkmenhowaýollary” mart aýynda Açyk aksioner jemgyýetine öwrülipdi.

XS
SM
MD
LG