Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

"Bir minut wyjdanyňyzyň sesine diň salsaňyz"


Illýustrasiýa suraty
Illýustrasiýa suraty

Hormatly Arkadag...

Gymmatly wagtyňyzdan 1-je minudyny wyjdanyňyzyň sesine diň salsaňyz.

Sebabi menem diňeje 1-je minut pikirlenip yetişdim.

Siz hem 1-je minut eliňizi wyjdanyňyza goyup, kalbyňyzyň çuňluklaryndan gelýän şol päk gatyşyksyz sesi diňleseňiz meniň bilen birmeňzeş netijä gelermikäňiz diyyän. Menä bary – ýogy 1 minudyň soňunda şu netijä geldim.....

Edil mundan bir hepde ozal işden ýadap öýe geldim. Çaý çöregimi iýenimden soň hemişeki endigim, bugün dünýäniň ýüzünde nahili gowy täzelikler bolup geçdikä diyip yzygiderli gyzyklanma bilen tomaşa edýän käbir internet habarlaryna seretdim. Haçanda habarlaryň içinde ömrümde hiçhaçan eşitjegime, şayat boljagyma hem ähtimal bermek islemeyän, “Öňki türkmen-türk mekdepleri bilen ekstreminist toparlar meňzeşligi” habaryny okan mahalym, üstümden gaýnag suw guýlan ýaly bolup süňňüm gowşap oturan stuljagazymyň arkasyna ýaslananymy duýman galypdyryn. Ol wagt özümiň ukydamy, düýşdemi ýada huşdalygymy düşünip hem ýetişmedim.

Haçanda özümi dürsäp sagada sereden mahalym diňeje 1-je minudyň geçendigini gördüm. Ýöne ol 1 minut bir ömre deň 1 minut boldy meniň üçin. Sebabi edil şol pursat, haçanda men ýokary okuw jaýynyň synplarynyň birinde oturan mahalym uniwersitetiň profesirleriniň bize ýüzlenip, “Adamzat beýnisiniň şu wagta çenli kompýuter sistemasy bilen oýlanyp tapylan we ulanylýan iň ýokary derejedäki tehnologiki elektroniki enjemlaryň iň güýçlisinden hem azyndan 200 esse güýçligini we çalt işleýändigini, hatda kompýuterler nahili “1” we “0” (100011010001...) 2-lik sistemasy bilen işleýän bolsa, adam beýni hem şuňa meňzeş işleýändigini, bir ömür boýy başyndan geçiren ähli wakalary 1 minut wagt çäklendirmesine sygdyryp göz öňüne getirip biler” diýen sözlerine doly şaýat boldym, aňyryçäk düşündim. Men bary – ýogy 1 minut pikir ettim Hormatly Arkadag...

Wakanyň başy 6-njy synp, 1-nji sentýabr ilkinji okuw güni bilen başlady. Soňy bilen orta mekdepden uçurym, daşary ýurt okuw jaýy, asprantura, ylym institutlarynda ylmy gözlegler, konferansiýalar, tejribeler, soň hem bereketli ülkämde iň ygtybarly döwlet edaralarynyň birinde iş tejribesi bilen dowam etdi. Şu gün hem işden ýadap öýe gelenimde, bu habar bilen ýykylan ruhy dünýämde 1-je minut oýa batmagymyň ahyrynda şu netijä geldim:

“Ýok. Asla. Hiç mümkin däl. Hatda çigit ýalyjak hem ähtimal ýok. Sebäbimi? Sebäbi şu. Haçanda men şol öňki türkmen-türk mekdebinde 8-nji synpy okaýarkam zyýanly endiklerimiň hemmesinden uzaklaşdym. Watana bolan söýginiň hemme söýgüden ýokarda durýandygyny kalbyma berk ýazdym. Ene-ata, dogan-garyndaşa, uly –kiçä, halkyma, ülkäme we döwlet yaşulylaryna hormaty öwrendim.

Mekdep ýyllarynda çaga kalbyma siňen Watan söýgüsi, baýdak buýsanjy, Watanymyza wepaly hyzmat etjekdigimize beren mukaddes kasamymyz bugün hem ýüregimde yaňlanyp dur. Bize bu Watan söýgüsini öwreden we halkymyza hyzmat düşünjesini gursagymyza guýan mugallymlarymyzyň bize öwreden ylym we terbiýeleriniň garşylygynda hiç kimden hiç bir bahbide garasmayandyklaryna goz yetirdim.

Sebäbi mugallymlarymyzyň gezelenje diýip açyk meýdana çykan wagtymyzda, okuwçysy akar suwa gaçyp gark bolýan okuwçysyny görüp hamala öz balasy gark bolýan ýaly ol okuwçyny halas etmek üçin özüni suwa oklap okuwçysyny halas edendigini, ýöne welin özüniň suwda gark bolup dünýeden ötendigini eşitdim.Şahsy bahbidini ileri tutýan biriniň okuwçysy üçin janyny pida etmekligi mümkin däl ahyryn.

Gyş paslynda, howanyň sowuk günleri, gije ýatar mahaldan ta ir säher turulýança, okuwçylaryň ýorganlary açylyp üşäp sowuklaýmasyn diýip dimdik başymyzda durýandyklaryna şaýat boldym. Haçanda käbir dynç günlerine gabatlap kakam mekdebe meni almaga geleninde, uzakdan futbol meýdançasynda bizi synlap, “bah-bah, dynç güni bolmagyna garamazdan, hem ýaşlary okuwçylaryndan has uly bolmagyna garamazdan bu mugallymlar hamala çaga ýaly okuwçylar bilen bilelikde meýdançada top oýnap kowalaşýalaray” diýip haýran galyp ejeme gürrüň berýän mahaly eşitdim.

Soňky synpa geçenimde günüň dowamynda 7 sagat sapak we ýene 7 sagat goşmaça okuwçylar bilen bilelikde bolup, edýän pidäkärliklerine şaýat boldym. Mekdepden uçurym bolan ýylym, “Pylanyýew şu uniwersitetiniň şu fakultetini okamaga hak gazandyň” diýen wagty hamala özi uniwersitete täzeden giren ýaly menden beter tolgunyp begenjinden gözune ýaş dolanyny gördum.

Ýylyň ähli jemi jemleneninde birlikde 5 ýyl okan dostlarymyň hemmesiniň Türkmenistanyň döwlet üniwersitetlerini we birnäçe daşary ýurt ýokary okuw jaýlarynda bilim almaga hukuk gazanandyklarynyň habarynyň begenjini birlikde paýlaşdyk.

Iň esasy bellemeli zat meniň okan mekdebimden we beýleki şol wagtky türkmen-türk mekdeplerinde okan okuwçylarynyň şol ýylyň dowamynda daşary ýurt halkara bilim olimpiýadalarynda 100-den gowrak medallara eýe bolandygyny eşidip, bu nesiller bilen biziň ýurdumyzyň gelejekde has pajarlap ösjekdigine, dünýä tanaljakdygyna, ylymda we bilimde alyp baran işleri we açylyşlary bilen has abraýly ýerlere geljekdigine, şeyle ylymly-bilimli we arassa ahlak- terbye bilen yetişen neslimiziň Döwletimiziň iň gymmatly baýlygy bolup Watanymyzyň gülläp ösmegine, halkymyzyn eşretli durmuşda yaşamagyna we yaşyl tugumuzyn dünýä münberinde abraýly ýerde dabaralanmagyna jany-teni bilen hyzmat etjekdiklerine ynandym. Hut şeýlede boldy we bolmaga dowam edýär.

Bu sözümiň dogrulygyna olaryň işlerinde jogapkärli, tutanýerli we halal zähmet çekýändiklerini gören, maşgala durmuşlarynda asudalygy, jebisligi we agzybirligi saklayandyklaryna şaýat bolan, iýip- içýan zatlarynyn halal we tämiz bolmagyna üns berýandiklerine göz ýetiren, il-ulusyň bagtyna begenip gynanjyna gamlanýan adamlardygyna bu ynsanlary tanaýan daş- töweregimizdaki adamlaryň ahlisi kepildir.

Meniň bu ýerde aýdanlarym, şol bary – ýogy 1-je minudyň dowamynda gözöňümden geçirenlerimiň belkide 1000-de biri. Emma şol 1 minutdan soň men bütin kalbym we päk wyjdanym bilen şu netijä geldim.

** Ýok, bu beýle bolup bilmez. Öňki türkmen-türk mekdeplerini tamamlan okuwçylarynyň ady, şol okan habarymda ady agzalýan, ýigrenilýän ekstrimenist topar bilen deňelip bilmez we asla düýbinden bir düşünjede bolup bilmez** diýdim.

Hormatly Arkadag. Sizden ýenede ýekeje etjek haýyşym eliňizi wyjdanyňyza goyuň we bary – ýogy 1-je minut pikirleniň. Şol 1 minut belkem bir nesliň yetişmegi üçin birnäçe ýyl, birnäçe ýerde gije diymän, gündiz diýmän, uzak diýmän, kyn diýmän päk höwes bilen ylgan mugallymlaryň, ene atalaryň we başgada jogapkär şahsyýetleriň YHLASLARYNYŇ JEMI bolar. Men siziň ŞOL JEMDEN diňe arassa, päk, yagşy netije çykarjakdygyňyza ak ýürekden ynanýaryn.....

HORMATLY ARKADAG. BARY-ÝOGY 1 MINUT

Redaksiýadan: Okyjynyň haty bolşy ýaly çap edilýär. Onda aýdylanlar Azatlyk Radiosynyň resmi pozisiýasyny şöhlelendirmeýär.

XS
SM
MD
LG