Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Baku: Meredow Azerbaýjanyň, Türkiýäniň daşary işler ministrleri bilen duşuşýar

Türkmenistanyň daşary işler ministri Reşit Meredow
Türkmenistanyň daşary işler ministri Reşit Meredow

Türkmenistanyň daşary işler ministri Reşit Meredow Azerbaýjanyň daşary işler ministri Elmar Mamedýarow bilen duşuşýar.

19-njy iýulda Bakuda geçýän gepleşikleriň gün tertibinde syýasy, ykdysady, energiýa, transport we gumanitar ugurlardan hyzmatdaşlyga degişli meseleleriň durýandygy media maglumatlarynda aýdylýar.

Şeýle-de Bakuda Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň we Türkiýäniň daşary işler ministrleriniň üçtaraplaýyn duşuşygyň geçiriljegi habar berilýär. Üç ýurduň arasyndaky bu duşuşygyň 2014-nji ýylyň 26 maýyndan bäri dördünji gezek geçirilýändigi bellenýär.

11-nji iýuldan bäri Reşit Meredow Özbegistana, Täjigistana we Gürjüstana sapar etdi we ýurtlaryň ýolbaşçylary bilen duşuşyk geçirdi.

XS
SM
MD
LG