Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aşgabat: Saglyk barlaglary pugtalandyryldy, keselhanalarda nobatlar emele geldi


Aşgabatda saglyk barlagyndan gecmek üçin nobata duran adamlar
Aşgabatda saglyk barlagyndan gecmek üçin nobata duran adamlar

Şu günler Aşgabadyň mekdep mugallymlaryndan talap edilýän saglyk depderçesi üçin saglyk barlaglaryndan geçmek düzgünleriniň pugtalandyrylandygy we munuň netijesinde dürli saglyk edaralarynyň öňünde uly nobatlaryň emele gelendigi habar berilýär.

Paýtagtyň 47-nji, 52-nji we 55-nji mekdepleriniň ençeme mugallymy saglyk barlaglaryndan geçmek üçin özleriniň indi bir hepdä golaý wagt bäri 10-a golaý döwlet edarasyna gatnamaly bolýandygyny aýdýar.

“Mundan öň mekdep ýolbaşçylarynyň biri saglyk depderçelerini ýygnap, mugallymlar saglyk barlagyndan geçmese-de, olara möhür goýduryp berýärdi. Munuň üçinem mugallymlardan 100 manat möçberinde töleg ýa-da para alynýardy. Indi bu edaralara ýeke-ýeke aýlanmasaň, saglyk depderçäňe möhür goýduryp bolanok. Her gün öýläne çenli mekdepde işläp, ondan soň saglyk edaralarynyň birinden, beýlekisine gatnap, saglyk depderçämizi doldurýarys” diýip, özüni Güljemal diýip tanyşdyran, 33 ýaşyndaky aşgabatly mugallyma aýtdy.

Aýdylmagyna görä, mugallymlar bilen bir hatarda, dürli dükanlaryň, restoranlaryň işgärlerinden we çagalar bagynyň terbiýeçilerinden hem gürrüňi edilýän saglyk barlaglaryndan her alty aýda bir gezek geçmek talap edilýär. 1-nji awgusta çenli tabşyrylmaly saglyk barlaglaryndan geçmek üçin bolsa, şu günler saglyk edaralarynyň öňünde adamlaryň onlarçasynyň, käte ýüzlerçesiniň nobata durýandygy aýdylýar.

“Käte Çoganlydaky deri keselleri keselhanasyndaky nobat 200 adamdan geçýär. Onsoň howanyň gyzgynlygy 45 gradusa çenli ýetýän şu günlerde bir saglyk öýüniň ýa-da keselhananyň öňünde iki-üç sagat garaşmaly bolýar. Käte-de nobatyň ýetmän, yzyňa gaýtmaly bolýarsyň” diýip, Güljemal mugallym aýdýar.

Galyberse-de, Azatlyk Radiosynyň ýurt içindäki çeşmeleri käbir döwlet edaralarynyň bellenen wagtyndan öň ýapylýandygyny, şol sebäpli raýatlaryň günde bitmeli işiniň soňky günlere galýandygyny aýdýarlar.

“Köp döwlet edaralarynyň işgärleri işlemeli wagtyndan öň işlemesini bes edýärler. Edaranyň gapysyndaky ýazgyda raýatlaryň 18:00-a ýa-da 20:00-a çenli kabul edilýändigi barada ýazgy dursa-da, işgärleriň köpüsi bu görkezilen wagtdan 2-3 sagat öň ýerlerinde tapdyrmaýar. Bu bolsa, edaralara öz wagtynda barýan adamlary kyn ýagdaýda goýýar. Hemme ýerde şunuň ýalymy – ony bilemok. Ýöne welaýatlarda, esasanam, etraplarda ýagdaý şeýle” diýip, Azatlygyň söhbetdeşi aýtdy.

Ýeri gelende bellesek, Azatlyk Radiosyna paýtagtdaky mugallymlaryň saglyk depderçesi üçin saglyk barlaglaryndan geçmek düzgünleriniň pugtalandyrylmagy we onuň sebäpleri barada häzirlikçe döwlet edaralaryndan degişli maglumat almak başartmady. Bu barada ýurduň resmi media serişdelerinde hem haýsydyr bir maglumat berilmeýär.

Emma Aşgabatdaky 1-nji Saglyk öýüniň we Çoganlydaky deri keselleri keselhanasynyň adynyň efirde agzalmazlygyny soran käbir jogapkär resmisiniň aýtmagyna görä, saglyk barlaglaryndan geçmek düzgünleriniň pugtalandyrylmagy saglyk edaralaryna gelýän girdejini artdyrmak bilen baglanyşykly.

“Häzir her bir Saglyk öýünden ýa-da keselhanadan girdejini artdyrmak talap edilýär. Öň işgärler saglyk barlaglaryndan tanyş-biliş üsti bilen hem geçip bilýärdi. Indi muňa-da gözegçilik güýçlendi. Ýagny saglyk işgärlerine-de gözegçilik güýçlendi. Indi Saglyk öýleriniň, keselhanalaryň ýolbaşçylary özlerine gelýän müşderini köpeldip, girdejisini hem artdyrjak bolýar. Şeýdibem, ýolbaşçylar ýokardan berlen görkezmäni berjaý etmäge synanyşýarlar” diýip, özüni Meňli diýip tanyşdyran 1-nji Saglyk öýüniň işgäri aýtdy.

Aşgabadyň Saglyk öýlerinden ýa-da keselhanalaryndan öz girdejisini artdyrmak barada edilen talabyň näme sebäpden häzirki pursatda güýçlendirilendigi barada anyk maglumat almak başartmady. Emma bu waka, dünýäde energiýa serişdeleriniň bahalarynyň aşaklamagy sebäpli, Türkmenistanyň agyr ykdysady kynçylyklary başdan geçirýändigi aýdylýan döwrüne gabat geldi.

XS
SM
MD
LG