Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Praga sowet marşalynyň ýadygärlik ýazgysyny aýyrýar


Gyzyl goşunyň marşaly Iwan Konýew. 1945-nji ýyl, Praga.

Çehiýanyň paýtagty Praganyň şäher häkimligi dowam edýän Köne şäheri abatlaýyş işleriniň çäginde, II Jahan urşunyň ahyrynda şäheri azat ediş söweşlerine gatnaşan sowet marşalynyň hatyrasyna ýazylan demirden ýadygärlik ýazgysyny aýyrmagy kararlaşdyrdy.

Şäher häkimliginiň metbugat wekili, 20-nji iýulda Gyzyl goşunyň marşaly Iwan Konýew barada ýazylan tekstleriň “taryhy jähtden nätakyklyklary” sebäpli, ol barada ýazylan demirden ýadygärlik ýazgynyň aýrylandygyny mälim etdi. Şäheriň ilatynyň agzalýan ýadygärligi Konýewiň Orsýetdäki aýatda diri dogan-garyndaşlaryna sowgat etmäge isleg bildirýändigine garamazdan, ýadygärlik ýazgysy Praganyň şäher muzeýine berler diýip häkimligiň resmisi sözüniň üstüni ýetirdi.

1945-nji ýylyň 5-nji maý güni nazi Germaniýasynyň basyp alyjy güýçlerine garşy Praganyň halky aýaklanýar. Munuň yz ýany, Rus azat ediş armiýasy, ýagny sowet lideri Iosif Saline garşy nemes goşunlarynyň düzüminde söweşmäge isleg bildiren sowet goşunlary hem pragalylaryň hatarynda aýaklanma goşulýar.

8-nji maýda nemes güýçleri gozgalaňçylar bilen ok atyşlygy bes etmek boýunça ylalaşansoň, Pragadan yza çekilmäge başlaýar. 9-njy maý güni şäher nemeslerden doly diýlen ýaly arassalanandan soň, Gyzyl goşunyň bölümçeleri Konýewiň baştutanlygynda çeh paýtagtyna girýär.

Edil şol wagtlarda amerikan generaly Jorj Pattonyň ýolbaşçylygyndaky 3-nji goşun hem Praganyň etegine baryp ýetipdi, ýöne olar ozal Stalin bilen barlyşylan syýasy ylalaşyk sebäpli aýaklananlary goldap herekete geçmeýär.

Çehiýaly taryhçylar Konýewiň goşunlarynyň hatarynda sowet gizlin gulluklarynyň ýörite güýçleriniň bolandygyny we olaryň bolşewiklere garşy gidýän müňlerçe çeh raýatyny gabap çehiýalylary sowet zähmet-düzediş lagerlerine ugradandygyny aýdýar.

Konýew 1956-1960-njy ýyllar aralygynda Warşawa Paktynyň goşunlaryna baştutanlyk etdi we 1956-njy ýylda wenger rewolýusiýasyny basyp ýatyrdy. Ol soňra gündogar Germaniýada sowet basybalyjy güýçleriniň komandiri boldy.

1991-nji ýylda Konýewiň Polşanyň Krakow şäherinde dikilen heýkeli aýryldy. 1945-nji ýylyň ýanwar aýynda Konýewiň goşunlary Krakowy azat edipdiler.

Praganyň töweregindäki etrapçalaryň birinde Konýewiň ullakan heýkeli henize çenli dur. 2014-nji ýylda oňa gülgüne reňk bilen huligançylykly hüjüm edilipdi. Heýkeli aýyrmak boýunça yzygiderli edilen çagyryşlara garamazdan, Praganyň ýerli resmisi Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosyna özleriniň ‘heýkeli aýyrmaly’ diýen düşünjä eýermeýändiklerini aýdypdy.

Ýerli resmi: “Konýewiň bizi azat etmekde bitiren işlerine goşmaça hökmünde onuň başaran zatlary barada terbiýeçilik ähmiýetli tekstlerde agzamak ýerlikli bolardy” diýdi.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG